Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda harby keselhanada iki partlama boldy, azyndan 15 adam öldi


Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar bada-bat öz üstüne almady.
Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar bada-bat öz üstüne almady.

Owganystanyň Kabuldaky iň iri harby keselhanasynda azyndan iki partlama boldy, soňundan hem ýaragly atyşyk ýüze çykdy.

“Talybanyň” wekiliniň Reuters gullugyna aýtmagyna görä, 2-nji noýabrdaky wakada azyndan 15 adam ölüpdir, başga-da 34 sanysyny ýaralanypdyr.

Wakanyň bolan ýerinden paýlaşylan suratlarda 400 adama niýetlenen Mohammad Daud Han adyndaky harby keselhanadan çykýan goýy tüssäni görse bolýar.

“Talybanyň” hökümetiniň wekili keselhananyň girelgesiniň golaýynda bolan partlamalaryň sebäbiniň entek belli däldigini aýtdy.

Içeri işler ministrligiň metbugat wekili wakada adam pidalarynyň bolandygyny boýun aldy we “Talybanyň” ýörite güýçleriniň sebite barandygyny belledi. Emma ol heläk bolanlaryň anyk sany barada hiç zat aýtmady.

Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç bir topar bada-bat öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG