Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salgyt gullugy ýapyk duran kärhanalaryň salgydyny artdyrýar


Döwlet salgyt edarasy. Türkmenabat
Döwlet salgyt edarasy. Türkmenabat

Türkmenistanda häkimiýetleriň girizen koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýitgä galan we girdejisini ýitiren telekeçilere maddy basyş güýçlenýär. Azatlygyň habarçylaryna görä, resmi salgytlar bilen bir hatarda, barlagdan aman çykmak üçin soralýan paralaryň möçberi hem ýokarlanypdyr.

Telekeçilerden salgyt tölemek baradaky talaplar şu günler ýurduň ähli welaýatarynda edilýär. Hususy kärhanalaryň we dükanaryň eýelerine barlag geçirilýändigi we bidüzgünçilikleriň üstüniň açylandygy duýdurylýar, şeýle-de ýagdaýy düzetmek üçin para talap edilýär.

Aşgabatdaky ýagdaý barada gürrüň beren habarçynyň sözlerine görä, kiçiräk kärhanalaryň eýelerinden soralýan paranyň möçberi 10 müň manatdan başlanýar we 500 dollara ýetýär. Dollarda soralýan pul diňe daşary ýurt walýutasynda alynýar.

"Telekeçä jaň edilende 'siziň işiňiz doly barlandy' diýilýär. Telekeçileriň her ýyl hasabat berip, salgyt töleýändigine garamazdan, köplenç kärhanalaryň işiniň soňky üç ýyl üçin barlanandygy habar berilýär. Bellemeli ýeri, şu günler şeýle barlaglaryň diňe käbir kärhanalar bilen çäklenmän, tas ählisine degişlidigi mälim boldy. Telekeçileriň tas hemmesi 'tutulýar'. Olara haýbat atylýar, olary girdejisiniň az bolmagyny aýdyp, girdejisini ýaşyrmakda aýyplaýarlar. Käwagt dükanlara baryp, galan harytlary barlaýarlar. Kärhanalary suda bermek bilen haýbat atýarlar" diýip, habarçymyz bilen gürleşen telekeçi aýdýar.

Türkmenistanly telekeçiler kärhanalaryň birnäçe aý bäri ýapyk durmagy sebäpli uly maddy ýitgi çekýärler. Tutuş ýurt boýunça dükanlar, bazarlar, restoranlar, güýmenje desgalary ýapyk galýar we telekeçiler zordan gün görýär.

Gazançdan mahrum bolan telekeçiler ýapyk duran kärhanasynyň ýa-da dükanynyň arendasyny yzygiderli tölemeli bolýar.

Çeşmeleriň sözlerine görä, salgyt gulluklary telekeçileriň girdejileriniň az bolmagyna şübhe bildirýärler.

"Siziň söwdadan alýan girdejiňiz, görkezişiňizden has uly bolmalydy. Biz size karantin sebäpli onsuzam eglişik edýäris" diýip, telekeçi salgyt gullugynyň beren jogaby barada gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen ýagdaýdan habarly çeşmeler şu ýyl telekeçilerden salgyt tölenýän möwsüminde soralýan paranyň möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse ýokarydygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň döwlet salgyt gullugyndan resmi maglumat almak boýunça eden dowamly synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen telekeçilerine “islendik ýagdaýda” salgyt tölemeli boljakdyklary, bolmasa işleriniň suda geçiriljekdigi baradaky duýduryşlar oktýabryň başynda edildipdi.

Çäklendirmeleriň dowam etmegi telekeçileri töwekgelçilik edip, bikanun işlemäge mejbur edýär.

Gadagançylyklara garamazdam gizlin işlemäge synanyşýan telekeçileri anyklamak we jerime salmak bilen meşgullanýan polisiýa işgärleriniň arasynda hem para almagyň köpelendigini habarçylar aýdýarlar. Bu ýagdaý hususy telekeçililere ýene zarba urýar.

Türkmen hökümeti çäklendirmeleriň ne girizmegi barada halka resmi derejede habar berdi, ne-de çäklendirmeleriň soňlanmagynyň möhleti barada habar berýär. Bu aralykda häkimiýetleriň hereketleri dilden edilen gadagançylyklary bozanlary tutmak we jezalandyrmak bilen çäklenýär.

Söwda we hyzmat kärhanalary şu ýylyň awgust aýynda tutuş ýurt boýunça ýapyldy. Bu karantin ýurtda COVID-19-yň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýrap, keselçiligiň we ölümiň köpelen wagtyna gabat geldi. Emma hökümet koronawirusyň ýaýramagyny şu çaka çenli boýun almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG