Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gulp astyndaky durmuş: ilat toýy, söwdany we awtoulag bejermek işlerini gizlinlikde edýär


Türkmenistanda toý (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda söwdanyň we üýşmeleňleriň gadagan edilen wagtynda ykdysady kynçylyklaryň köpelmegi köp telekeçini işlemek üçin gizlin ýollary gözlemäge mejbur edýär. Bu döwürde ilat üýşmeleňleriň gadagan edilmegine garamazdan, öýlerde toý we jynaza geçirýär. Ýurtda koronawirus bilen bagly girizilen çäklendirmeler awgustdan bäri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde hökümet bu çäklendirmeleri resmi taýdan yglan etmändi.

Koronawirus pandemiýasy, söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň Türkmenistanda iki aýdan gowrak wagt bäri ýapyk galmagyna sebäp boldy. Habarçylaryň sözlerine görä, çäklendirmeleriň saklanýan şertlerde ilat pul gazanmagyň we gündelik zerurlyklaryny üpjün etmegiň ýollaryny gözlemäge mejbur bolýar.

Däp bolşy ýaly, güýz toý möwsümi bolup, bu ýyl hem toýlar geçirilýär. Kafe, restoran we toý desgalary ýapyk bolansoň, toýlar we beýleki dabaralar öýlerde geçirilýär. Köpçüligiň gatnaşmagyndaky çäreleriň gadagan edilendigi sebäpli, toý eýeleri, reýdlerden we jogapkärçilige çekilmekden howatyrlanyp, ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bilen öňünden ylalaşmagy makul bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde bar bolan aýdylmadyk düzgünler barada habar berip, toý geçirmek üçin ýerli polisiýa işgärinden "rugsat" almalydygyny aýdýarlar. Rugsat almagyň öz nyrhy bar. Hususan-da, Çärjew etrabynda etrap polisiýa işgärinden rugsat almak üçin 400 manat tölemeli, şeýle hem et, çörek we arak ýaly azyk hem alkogol ýaly sowgatlar berilýär.

Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, saklanýan çäklendirmelerde karantin şertlerine gözegçilik etmek hukugy berlen ýerli polisiýa işgärleri öz peýdasy üçin ulanýarlar. Olar hem öz gezeginde gadaganlyklaryň bozulmagyna göz ýummak üçin öz talaplaryny öňe sürýärler.

"Etrap polisiýa işgäri, öý dabaralaryna gatnaşýan sazandalardan toý geçirmek üçin rugsat soramadyklaryň öýlerine gitmezligini talap edip bilýär. Sazandalara jerime salynjakdygy we saz gurallarynyň elinden alynjakdygy duýdurylýar. Şeýlelikde hemmeler aýdylmadyk düzgünleriň bardygyny bilýär we olary berjaý etmegi makul görýär "-diýip ýerli çeşmeleriň biri aýdýar.

Bu aralykda toýlara we dabaralara girizilen gadaganlygy "bozýanlara" gözegçilik ýerli polisiýa bölümleri bilen gutarmaýar. Ýol gözegçilik polisiýa işgärleri-de gözegçilik edýär.

"Etraplarda ýol polisiýasynyň işgärleri awtoulaglary saklaýarlar we iýmitiň bardygyny barlaýarlar. Ulagda uly mukdarda iýmit bar bolsa, sürüjiden näme üçin beýle köp azygyň gerekdigi barada soralýar, ol telekeçi bolsa, ondan resminamalary görkezmek talap edilýär" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Azyk krizisi Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýär, un, ýag, çörek ýetmezçiligi barha güýçlenýär. Koronawirusyň ýaýramagy sebäpli girizilen çäklendirmeler ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň maddy hal-ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi.

Ýurduň häkimiýetleri ykdysady meseleleriň hem-de koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler. Karantin çäklendirmeleri resmi taýdan yglan edilmezden dilden girizilýär. Şol bir wagtyň özünde ilata gözegçilik we basyş artýar.

Habarçylaryň sözlerine görä, ýol gözegçiliginde awtoulagyň içinde un we pagta ýagy tapylsa, sürüjiden önümleriň satyn alnan ýerini habar bermek talap edilýär. Häzirki wagtda haltalap un hiç ýerde tapdyrmaýar we adam başyna 1,5 litrden köp pagta ýagy berilmeýär.

Mundan başga-da, polisiýa lukmançylyk maskasyny "dogry" dakynmadyk adamlary tutmagyny dowam etdirýär.

25-nji oktýabrda Azatlygyň habarçysy Türkmenabatdaky Gök bazara gelen ýolagçylaryň ençemesini awtobusdan düşen badyna tussag edendigi barada habar berdi.

Çäklendirmeler döwründe hususy telekeçiler agyr ýitgi çekýärler we girdejiden mahrum bolýarlar. Gözegçilige garamazdan, köpler işini howp astynda dowam etdirmäge mejbur bolýarlar.

Habarçylaryň sözlerine görä, awtoulag hyzmatlaryny üpjün edýän kärhanalar ýapyk bolsa-da, awtoulaglary abatlaýyş işleri dowam etdirilýär. Hünärmenlere girdeji, ulag eýelerine bolsa ulaglarynyň abatlanmagy zerur.

Kärhanalaryň işi awgust aýynda togtadyldy.

Geçmişde söwda, naharhana we hyzmat kärhanalary 2020-nji ýylyň tomsunda köpçülikleýin ýapylypdy. Şonda uzak arakesme mart aýyna çenli dowam edipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG