Şweýsariýanyň prokuraturasy Halkara futbol federasiýasynyň we Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary bileleşiginiň öňki prezidentleri Zepp Blattere we Mişel Platini garşy galplyk aýyplamasytny bildirdi. Bu barada sişenbe güni ýurduň baş prokuraturasy habar berdi.
Olar iki million şweýsar frankyny (iki million dollardan gowrak) bikanun ele geçirmekde we dokumentleri galplaşdyrmakda aýyplanýarlar. Derňew netijesine görä, Blatter Platininiň bikanun tölegleriniň köne sene esasynda FIFA gaznasyndan tölenmegini tassyk etdi. Munuň halkara federasiýasyna zyýan ýetirendigi aýdylýar.
Bu töleg baradaky jenaýat işi Blatter bilen Platiniň degişlilikde 2015-nji we 2016-njy ýyllarda işinden aýrylmagyna sebäp boldy. Olaryň ikisine hem futbolda haýsydyr bir wezipe eýelemek ilki sekiz ýyllyk, soň ýene alty ýyllyk gadagan edildi.
Işleri derňelýän mahalynda olara ýene birnäçe korrupsiýa aýyplamasy, şol sanda sport emeldarlaryna bikanun töleg etmek aýyplamalary bildirildi.
Emma indi 85 ýaşly Blattere we 66 ýaşly Platinä Bellinzonadaky Federal jenaýat kazyýetiniň öňünde durmak garaşýar. Olara türmä basylmak howpy abanýar.