Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistana Eýrandan ýük getirýän ulaglaryň sany köpelýär


Eýran-türkmen serhedi

Türkmenistan bilen serhetdäki Sarahs şäheriniň üstünden goňşy ýurda ýük ulaglarynda iberilýän harytlaryň möçberi geçen hepde bilen deňeşdirilende üç esse artdy diýip, ifpnews.com neşiri eýran resmisine salgylanyp habar berýär.

Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň Sarahs şäheriniň häkimi Muhammet Reza Rajabiniň aýtmagyna görä, iki ýurduň resmileriniň arasynda gelnen soňky ylalaşyklardan soň, Eýranyň goňşular bilen gatnaşygy ileri tutmagy we Tähranyň ýakynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna goşulmagy netijesinde, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary has-da ösmäge başlady.

Onuň tassyklamagyna görä, soňky ylalaşyklardan öňki iki hepdäniň dowamynda Sarahsdan Türkmenistana günde 50 çemesi ýük maşyny geçen bolsa, serhet şertnamalary baglaşylandan soň bu görkeziji gündelik 150 ýük awtoulagyna baryp ýetdi.

Rajabi Sarahsyň Covid epidemiýasy boýunça töwekgelçilik meselesinde gök belgi bilen, iň pes dereje diýip bellenendigini, eýranly sürüjileriň ählisiniň iki doza sanjym alandygyny, şeýle-de, serhet geçelgesinde zerur bolan saglyk goragy enjamlarynyň oturdylandygyny aýtdy.

Türkmenistan soňky ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär we, pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýapylan serhetler hem-de gurak gelen ýyl bilen baglylykda, ýurtdaky azyk gytçylygy has ýiti duýulmaga başlady.

Emma türkmen häkimiýtleri ne ykdysady kynçylyklary, ne azyk gytçylygyny boýun alýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG