Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenka "2021-2023-nji ýyllarda Bileleşik döwletini döretmek baradaky şertnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary baradaky" karara gol çekdi diýip, TASS habar berýär.
Bu karara Putin ilki, öňünden gol çekdi. Lukaşenko oňa 4-nji noýabrda, Ýokary döwlet geňeşiniň wideo arkaly geçirilen mejlisinde gol çekdi.
"Eger-de siz garşy bolmasaňyz, men karara gol çekjek. Emma diňe men däl, hemmämiz jogap bereris" diýip, Lukaşenka gol çekende aýtdy.
Ozal habar berilmegine görä, bu karar dokumentler toplumyndan ybarat bolup, pudaklar boýunça bileleşik programmalarynyň 28 sanysyny, şeýle-de täzelenen Harby doktrinany we Bileleşik döwletiniň migrasiýa syýasaty konsepsiýasyny öz içine alýar.
Bu dokumentler baradaky ylalaşyk Putin bilen Lukaşenkanyň Kremlde 9-njy sentýabrda geçiren duşuşygynda baglaşyldy.
Olara, beýleki zatlar bilen bir hatarda, pul ulgamlarynyň integrasiýasy, gytaklaýyn salgyt tölemek ýörelgeleri we pul syýasatynyň emele gelmegi, umumy töleg meýdançasynyň döredilmegi we terrorçylyga garşy göreş meseleleri hem girýär.
Bu programmalar we olaryň gysgaça düşündirişleri 10-njy sentýabrda rus hökümetiniň web sahypasynda çap edildi, emma Belarusda şol wagt olar hakda hiç zat aýdylmady.