Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makron Merkele Fransiýanyň iň ýokary sylagyny gowşurdy


Ordeniň gowşurylyş dabarasynda Makron, sarsgynlara garamazdan, Merkeliň Ýewropanyň bitewiligini saklap galmaga goşant goşandygyny aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Germaniýanyň kansleri Angela Merkeli Hormat legiony ordeni bilen sylaglady.

Ordeniň gowşurylyş dabarasynda Makron, sarsgynlara garamazdan, Merkeliň Ýewropanyň bitewiligini saklap galmaga goşant goşandygyny aýtdy.

Hormat legiony ordeni Fransiýanyň iň ýokary sylagy bolup durýar. Ol 1802-nji ýylda Napoleon Bonapart tarapyndan döredildi. Bu sylag ýurduň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin harby we parahat adamlara berilýär.

Şol bir wagtda, bu orden daşary ýurtlylara hem berlip bilner.

Sentýabr aýynyň aýagynda Germaniýada saýlaw geçirildi. Merkel soňky 16 ýylda ilkinji gezek hökümet gurmaga gatnaşmaýar. Kansler saýlawdan öň özüniň wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG