Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ÝOJ-larynyň talyplary ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi


Ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşýan türkmenistanlylar. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat.
Ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşýan türkmenistanlylar. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat.

Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) tas ählisiniň talyplary şenbe güni, ýagny 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi. Bu barada paýtagtyň ÝOJ-da okaýan talyplaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bu habar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belländen sanlyja gün soňa gabat geldi.

"Talyplar agaç ekmäge gitmek üçin irden institutyň daşynda ýygnanmaly. Talyplaryň bag ekmeli ýeri Köpetdagyň eteginde Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýerleşýän ýeri diýlip kesgitlendi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran talyp 5-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Talyplaryň sözlerine görä, 5-nji noýabrda giçlik sagat 5-de ÝOJ-laryň resmileri ýowara gatnaşjak talyplaryň sport egin-eşiklerini barlaýarlar. Şeýle-de, talyplar 6-njy noýabrda irden sagat 5-de ýokary okuw jaýynyň öňünde üýşmeli edildi.

Talyplaryň transporty üçin ýörite awtobuslar kireýine tutuldy. Munuň üçin talyplaryň her birinden 5 manat ýygnaldy.

"Talyplar irden sagat 7-den öýlän sagat 1-e çenli bag ekmek çäresine gatnaşarlar. Öz ýanyň bilen bir plastik çüýşe agyz suwuny almaga rugsat berilýär" diýip, talyp sözüne goşdy.

Talyplaryň aýtmagyna görä, güýzki bag ekmek çäresine gatnaşmakdan boýun gaçyranlara ÝOJ-dan çykarylmak howpy abanýar.

"Bu çärä gatnaşmakdan ýüz öwürmek, prezidentiň syýasatyna hem düýbünden garşy diýlip hasaplanýar" diýip, talyp sözüni jemledi.

Talyplardan edilýän bu talap prezident Berdimuhamedowyň güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemeginiň yzýanyna gabat geldi.

1-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň iş maslahatynda döwlet baştutany geçiriljek "giň möçberli çäräniň ýokary guramaçylygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermek" barada welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine görkezme berdi.

Türkmenistanda her ýyl - bahar we güýz pasyllarynda - millionlarça düýp nahal oturdylýar. Şu ýyl ýurt garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahalyny ekmek göz öňünde tutulýar. TDH munuň 15 million düýbüniň bahar paslynda ekilendigini habar beripdi.

Häkimiýetler bu işe harçlanýan serişdeler, olar üçin býujet işgärlerinden we talyplardan ýygnalýan pullar we düýp tutmadyk baglar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne resmiler köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň "asylly däbe öwrülendigini", milli tokaý maksatnamasynyň "üstünlikli amala aşyrylýandygyny" öňe sürýärler we muny tebigaty goramak, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmä garşy göreş tagallalary bilen düşündirýärler.

Emma halkara metbugatynda çykýan habarlarda, şol sanda 19-njy oktýabrda çap edilen "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalada ýurduň howa goýberýän zäherli gazlaryndan uly alada bildirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG