Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň häkimiýetleri idegsizlikden guran agaçlary çapyp, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Çölleşmä garşy her ýyl millionlarça düýp nahal ekilýän Türkmenistanda agaçlar ýene idegsizlikden guraýar. Şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri idegsizlikden guran agaçlary ýa-da olaryň baldaklaryny çapyp, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlanýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.

Habarçymyz şäheriň protokol köçeleriniň ugrundaky we seýilgähleriň ýakalaryndaky agaçlara yzygiderli ideg edilip suwarylýandygyny we olaryň gök zolaklaryny döredendigini aýdýar.

Ýöne ol görer gözden daşrakda, seýilgähleriň ortalarynda, ýol ýakalaryndan sähel uzakda ekilen agaçlaryň indi maý aýyndan bäri tas ýekeje gezek hem suwarylmandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, bu agaçlaryň saralyp solandygyny we gurandygyny görse bolýar.

"Şeýle agaçlar 10 ýyl abadançylyk we Nurmuhammet Andalib köçeleriniň ugrunda, şeýle-de "Garaşsyzlyk" seýilgähiniň merkezi böleklerinde sanardan kän. Şu günler jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri guran agaçlary düýbünden goparyp aýyrmak ýa-da olaryň baldaklaryny çapmak işlerini güýçlendirdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 22-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu çäreler Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, häkimiýetleriň şäherdäki, şol sanda köçelerdäki we seýilgählerdäki agaçlary "tertibe salmak we abadanlaşdyrmak" işleriniň çäginde alnyp barylýar.

Türkmenistan öňümizdäki günlerde Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisini we 27-nji sentýabrda öz garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri ýurtda bellenilýän uly baýramçylyk seneleriniň we geçirilýän halkara çäreleriň öňüsyrasynda, idegsizlikden guran agaçlary düýbünden goparmak ýa-da olary bölekleýin çapmak işlerini güýçlendirýärler. Olar bu çäräni "şäheri abadanlaşdyrmak" işleri diýip düşündirýärler.

"Şu ýyl kök salan, ýöne idegsizlikden, şol sanda suwsyzlykdan guran agaçlaryň köpçülikleýin ýok edilmegi Garaşsyzlyk baýramynyň esasy "üstünliklerinden" biri boldy. Häkimiýetler ähli ýeriň gök öwsüp oturandygyny görkezmek, agaçlaryň ünsden düşürilýändigini, olara ideg edilmeýändigini ýaşyrmak üçin olary düýbünden ýa-da bölekleýin çapyp aýyrýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäher we Köpetdag etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa-da kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan, resmi maglumata görä, her ýyl millionlarça bag nahalyny ekýär we soňky iki ýyl bäri bu sany yzygiderli ýokarlandyrýar.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylda Aşgabatda 10 million düýp, welaýatlarda 20 million düýp nahal ekilmegini tabşyrdy. Geçen ýylyň başynda bu san 10 milliona barabar bolsa, oktýabrda onuň üstüne ýene 15 million düýp nahaly goşulypdy. Mundan ozalky ýyllarda ýurt boýunça 3 million düýp nahal ekilýärdi.

TDH bu kararyň milli Tokaý programmasynyň çäginde, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek we onuň tebigatyny baýlaşdyrmak maksadyndan ugur alýandygyny habar berdi.

Emma Türkmenistanda çölleşmä garşy millionlap ekilýän we aglaba býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň hasabyna satyn alynýan bag nahallarynyň idegsizlikden guramagy bilen bagly problema indi ençeme ýyl bäri saklanyp galýar. Azatlyk bu barada yzygiderli habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri oturdylýan düýp nahallarynyň ekilişine, ideg edilişine we damjalaýyn usulda suwarylmagynyň üpjün edilşine gözegçilik etmegiň ýurduň ministrliklerine we häkimliklerine tabşyrylandygyny her ýyl habar berýär. Ýöne bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG