Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Glazgowda klimat maslahatyndan has köp iş talap etjek on müňlerçe aktiwist ýörişe taýýarlanýar


Protestçiler

Şotlandiýanyň Glazgow şäherine toplanan tebigaty goraýjy aktiwistler global maýlama bagyşlanan halkara maslahatda gyssagly çäreleriň bellenilmändigini aýdyp, ikinji gün protest bildirýärler.

Glazgowdaky guramaçylar we polisiýa, ýer ýüzünde howa maýlamasyndan ejir çeken jemgyýetler babatda gyssagly çäre görülmegini talap edip, 6-njy noýabrda köçelere 50 müň töweregi adamyň çykmagyna garaşylýandygyny aýtdylar. Ýörişiň öňüsyrasynda Glazgowyň şäher merkezinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Bu ýörişe goşulmak üçin dünýäniň dürli şäherlerinden ýene müňlerçe adamyň gelmegine garaşylýar.

BMG-niň Klimat üýtgemesi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisine dünýäniň 200-e golaý ýurdundan wekil gatnaşýar, olar 2015-nji ýyldaky Pariž konferensiýasynda ylalaşylan çäreleri, howanyň ortaça maýlamasyny Selsiýa boýunça 1,5, 2 dereje arasynda çäklendirmegi durmuşa geçirmegiň ýollaryny gözleýärler.

BMG-niň howandarlygynda geçirilýän iki hepdelik maslahat, tebigaty goramak boyunça kampaniýaçy, 18 ýaşly şwed aktiwisti Greta Tunbergiň bir gün ozal aýtmagyna görä, “şowsuzlyk” we daşky gurşaw boýunça “global galplaşdyrma festiwaly” boldy.

“Olar ylmy taýdan gelnen ylalaşygy äsgermezlik edip bilmezler we bizi görmezlige salmagy başarmazlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Maslahatda şu wagta çenli gazanylan ylalaşyklaryň arasynda gatnaşyjy ýurtlaryň käbiriniň ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, kömür ýakmagy azaltmak, daşary ýurtlarda gazylyp alynýan ýangyç serişdelerini maliýeleşdirmegi bes etmek we metan zyňyndylaryny azaltmak barada beren wadalaryny agzap bolar.

Bu maslahata, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar we esasan nebit-gaz girdejilerine daýanan Türkmenistan soňky döwürde howa metan zyňyndylaryny has köp möçberde goýberýän ýurtlaryň biri hökmünde tankyt edilýär.

Hökümet başlygynyň orunbasarynyň Glazgow şäherinde geçýän maslahatyň çäginde, 3-nji noýabrda eden çykyşynda aýtmagyna görä, Türkmenistanyň “milli derejedäki Kesgitli Goýumy (NDC) 2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda bug gazlarynyň zyňylmalarynyň azaldylmagy boýunça” nazarda tutýan “ýokary ähmiýetli maksatlarynyň tassyklamasy bolup durýar”.

Şeýle-de, kiçi Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, “bug gazlarynyň zyňylmalarynyň göwrümi, türkmen ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna, görnetin ýagdaýda peselýär”.

Emma synçylar Türkmenistanyň hemişe sözden işe geçmekde kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG