Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus diplomaty Berlindäki rus ilçihanasynyň öňünde öli tapyldy


Berlin, Germaniýadaky Rus ilçihananyň binasy.

Germaniýadaky rus ilçihanasynyň ikinji sekretary Berlinde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.

Germaniýanyň "Spiegel" neşiriniň ýazmagyna görä, polisiýa 19-njy oktýabr güni irden rus ilçihanasynyň öňündäki ýanýolda 35 ýaşly bir adamyň jesedini tapdy.

Çak edilmegine görä, diplomatyň ýokarky gatdaky jaýyň penjiresinden ýykylan bolmagy mümkin. “Spiegeliň” maglumatyna görä, jeset bireýýäm Russiýa berildi. Rus ilçihanasy neşiriň soragyna “betbagtçylykly hadysa” barada "etiki sebäplere görä" düşündiriş bermejekdigini aýdyp jogap berdi.

Merhumyň diplomatik statusy bolansoň, Germaniýanyň prokuraturasy onuň ölüminiň mümkin bolan sebäplerini derňäp bilmedi. Rus tarapy jesediň kesilmegine razy bolmady.

“Spiegel”, diplomatlaryň resmi sanawyna salgylanyp, merhumyň 2019-njy ýylyň tomsundan bäri Berlindäki ilçihanada akkreditasiýa edilendigini aýtdy.

Germaniýanyň howpsuzlyk gullugy onuň ýaşyrynlykda FSB işgäri bolandygyny we rus ýörite gullugynyň ýokary derejeli generaly bilen baglanyşyklydygyny ýaňzydýar.

“Insider” we “Bellingcat” neşirleri, açyk çeşmeleriň derňewine salgylanyp, öleniň şahsyýetini anyklandyklaryny aýdýarlar.

Ol Konstitusiýa ulgamyny goramak we terrorçylyga garşy göreş gullugynyň (FSB-iň ikinji gullugy diýlip bilinýär) başlygynyň orunbasary, general-leýtenant Alekseý Žalonyň ogly Kiril Žalo diýlip çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG