Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky partlama alty adamyň ölmegine, iki adamyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy 


 Karaganda sebitindäki bir magdan käni
Karaganda sebitindäki bir magdan käni

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, Gazagystanda bolup geçen dag-magdan heläkçiliginde alty adam ölüp, iki adam agyr ýaralandy.

Partlama 7-nji noýabrda irden, Merkezi Aziýa ýurdunyň Karaganda sebitindäki Abaý kömür käninde boldy.

Partlama bolanda magdanda 64 işçi bolup, olardan 56 adam ýokaryk çykmagy başardy. Hadysanyň gaz we kömür partlamasy netijesinde bolandygy aýdylýar.

Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Ýuriý Iliniň ýolbaşçylygyndaky hökümet topary wakanyň bolan ýerine iberildi.

2008-nji ýylda hem Abaý käninde şuňa meňzeş waka boldy. Şonda metan gazynyň partlamagy netijesinde 30 adamyň ýogalyp, 14 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Howpsuzlyk çäreleriniň netijesizligi we köne infrastruktura sebäpli, öňki sowet ýurtlaryndaky magdançylyk hadysalary adaty bir zada öwrüldi.

XS
SM
MD
LG