Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa koronawirus ýokuşmasynda täze, bir günlük ýokary derejäni habar berdi


6-njy noýabrda geçen 24 sagadyň dowamynda 41,335 sany täze näsag hasaba alyndy.
6-njy noýabrda geçen 24 sagadyň dowamynda 41,335 sany täze näsag hasaba alyndy.

Epidemiýany haýallatmak üçin täzelikde berlen tölegli zähmet rugsatlaryna we beýleki tagallalara garamazdan, Russiýa koronawirus ýokuşmasy boýunça gündelik täze rekordy habar berdi.

Resmiler 6-njy noýabrda geçen 24 sagadyň dowamynda 41,335 sany täze näsagyň hasaba alnandygyny aýtdylar.

Gürrüňi edilýän döwürde 1,180-den gowrak adamyň aldajy wirusdan heläk bolandygy habar berildi. Wirus ýokuşanlaryň sany geçen hepde habar berlen öňki gündelik ýokary derejeden sähel artyk boldy.

Ýakynda Orsýet, işgärlere COVID-19 ýokuşmasyny azaltmak maksady bilen, 30-njy oktýabrdan 7-nji noýabr aralygynda ýurt boýunça tölegli dynç alyşlary hödürledi.

Uly ýaşlylara öýde galmak buýruklary berildi we kärhanalaryň işgärleriniň 30 göteriminiň öýden işlemegi talap edildi. Russiýanyň ýurt içinde öndürilen birnäçe sanjymy bar, ýöne ilatyň diňe üçden biri sanjym aldy.

Ýurtda resmi taýdan 8,7 milliondan gowrak koronawirus ýokuşmasy we 245,000-den gowrak ölüm hasaba alyndy.

Emma Moskwa ölen adamlaryň sanlaryny kemeldip görkezmek üçin hakykatda has köp bolup biljek görkezijileri bassyr-ýussur etmekde aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG