Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ýowuz protestleriň aňyrsyndaky radikal partiýa garşy gadagançylygy ýatyrdy


“Tehrik-e Labiak Pakistan” (TLP) yslamçy syýasy partiýanyň tarapdarlary Fransiýanyň ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyna we partiýanyň tussag edilen ýolbaşçysynyň türmeden boşadylmagyna çagyryş edýärler. 24-nji oktýabr, Karaçi şäheri.
“Tehrik-e Labiak Pakistan” (TLP) yslamçy syýasy partiýanyň tarapdarlary Fransiýanyň ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyna we partiýanyň tussag edilen ýolbaşçysynyň türmeden boşadylmagyna çagyryş edýärler. 24-nji oktýabr, Karaçi şäheri.

Pakistanyň hökümeti Yslamabat şäherine tarap edilen protest ýörişiniň aňyrsyndaky radikal yslamçy partiýa garşy girizilen gadagançylygy ýatyrdy. Bu ýöriş polisiýa bilen protestçileriň arasynda adam pidalaryna getiren çaknyşyklara sebäp bolupdy.

Içeri işler ministrligi “Tehrik-e Labiak Pakistan” (TLP) partiýasyna garşy gadaganlygy 7-nji noýabrda ýatyrdy we partiýanyň “has uly milli bähbit” dogrusynda esasy syýasata gatnaşmagyna rugsat beriljekdigini aýtdy.

Bu ädim, TLP bilen premýer-ministr Imran Hanyň hökümeti 10 günlük - we käte ölüm howply - ýörişi bes etmek barada gizlin ylalaşyk gazanandan birnäçe gün soňa gabat geldi. Bu ýörişde Fransiýanyň ilçisiniň ýurtdan çykarylmagyna we partiýanyň tussag edilen ýolbaşçysynyň türmeden boşadylmagyna çagyryş edildi.

Protest ýörişiniň dowamynda partiýanyň tarapdarlary polisiýa bilen birnäçe nokatda çaknyşdy. Bu wakalarda azyndan bäş polisiýa işgäriniň we dört demonstrantyň öldürilendigi habar berildi.

Resmileriň maglumatyna görä, TLP hökümet bilen baglaşan gizlin ylalaşygyna laýyklykda, gündogar Lahor şäherinden Yslamabat şäherine tarap ýöriş planyny ýatyrdy we geljekde ýowuz protestleri geçirmejekdigi barada wada berdi.

“Dawn” gazetiniň habaryna görä, TLP lideri Saad Rizwiniň 8-nji noýabrda tussaglykdan boşadylmagyna garaşylýar.

Rizwi Muhammet pygamberi şekillendirýän syýasy karikaturalaryň çap edilmegi bilen baglanyşykly Fransiýa garşy gazaply demonstrasiýalar geçirilende, ýagny aprel aýynda tussag edildi.

XS
SM
MD
LG