Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: bag nahallaryny býujet işgärleri mejbury maliýeleşdirdi, anomal tozan adamlara agram saldy


Illýustrasiýa suraty. Ýol kenarynda oturdylan agaçlaryň töwereginde ýol-gurluşyk işlerini alyp barýan işçiler.
Illýustrasiýa suraty. Ýol kenarynda oturdylan agaçlaryň töwereginde ýol-gurluşyk işlerini alyp barýan işçiler.

Türkmenistanda geçen hepdäniň ahyrynda “ählihalk bag ekmek dabarasy” geçirildi. Farapda oturdylan agaç nahallary býujet işgärleriniň hasabyna maliýeleşdirildi. Özbegistandan süýşüp gelen tozan Lebap ýaşaýjylaryny kyn güne goýdy. Tokaý hünärmeni sebitde oturdylýan agaçdan çapylýan agajyň sanynyň has köpdügini çaklaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri geçen hepdäniň ahyrynda ýurt boýunça “ählihalk bag ekmek dabarasynyň” geçirilendigini habar berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bag ekmek işleriniň döwlet metbugatynda habar berilmeýän ugurlary barada maglumat berýärler.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna görä, Farap-Seýdi ýolunyň ýakasynda 1,5 gektar meýdana oturdylan 300 düýp agaç nahalynyň her biri býujet işgärleriniň hasabyna 600 manatdan satyn alnypdyr. Ol ýerde döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirilipdir.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýol ýakasynda geçen hepdäniň ahyrynda bag nahallary oturdylan ýerlere ozal hem agaç ekilen ekeni, ýöne ol ýerler “şorlaşypdyr” we ozal ekilen agaçlar suwsuzlykdan gurapdyr.

Döwlet telewideniýesi bag ekmek dabaralaryna ýurt raýatlarynyň “ýokary ruhubelentlikde” gatnaşandyklaryny aýdýar.

Şenbe güni Azatlygyň Marydaky habarçysy ýerli edara-kärhanalaryň işgärleriniň bu çärelere mejbury gatnaşdyrylandyklaryny, her bir edara-kärhanadan 20-25 adamyň bag ekmäge mejbury iberilendiklerini habar berdi.

Resmi metbugata görä, şu ýyl Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, 30 million düýp agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirildi.

Türkmen mediasy bu çäreleriň ýurtda ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragyny ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendigini aýdýar.

Bu aralykda, 4-nji noýabr güni agşam Türkmenistanyň demirgazyk-gündogar goňşusy Özbegistanda güýçli tozan turdy. Özbegistanyň meteorologiýa gullugy şeýle güýçli tozanyň ýurtda soňky 150 ýylda ilkinji gezek hasaba alnandygyny habar berdi.

Media maglumatlaryna görä, hususan-da, Özbegistanyň paýtagty Daşkentde, Jizzah sebitinde we Syrderýa sebitinde has güýçli bolup geçen tozanly howa , Gazagystanyň günorta sebitlerine-de zarba urdy.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Özbegistandan süýşüp gelen tozanyň Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň Gabakly, Seýdi, Dänew, Farap, Türkmenabat hem-de Saýat sebitlerine-de täsir edendigini habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, sebitde emele gelen anomal howa hroniki kesellerden ejir çekýän adamlaryň hem-de gartaşan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edipdir.

“Lebap resmileri raýatlara düşündiriş bermeýärler. Ilkinji kömek ýa-da medisina maslahatlaryny hem bermeýärler” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Ilkibaşda, adamlar bu tozanly şemalyň uly maddy zyýan ýetirmändigine begendiler. Geçen ýylyň aprel aýynda bolan harasatdan gözi gorkan ýerli ýaşaýjylar ilki bilen mekdeplerdäki çagalaryny howpsuz ýere geçirmegiň aladasyny etdiler. Üç gün soňra adamlar tozanyň maddy zyýandan has erbet, adamlaryň jan-saglygyna erbet täsir ýetirýändigini duýup başladylar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Media maglumatlaryna görä, Özbegistanda turan tozandan soňra 4 müň töweregi özbek raýaty dem alyş ýollary bilen bagly saglyk problemalary boýunça gyssagly lukmançylyk kömegine ýüz tutupdyr.

Özbegistan synçylary anomal tozany ýurtda agaçalaryň köpçülikleýin çapylmagy bilen baglanyşdyrdylar.

Hepdäniň aýagynda Merkezi Aziýanyň dürli sebitlerinde turan güýçli tozan Beýik Britaniýanyň Glazgow şäherinde dünýä liderleriniň global klimaty maslahat edýän wagtyna gabat geldi.

Türkmen mediasy geçen hepdäniň ahyrynda ýurtda geçirilen “ählihalk bag ekmek dabarasy” barada habar berýän mahaly, Türkmenistanda çapylýan, ýok edilýän agaçlar barada dymýar.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Tebigaty goraýyş bölüminiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonimlik şerti bilen beren gürrüňinde sebitiň çäginde ýerleşýän tokaý zolaklarynda müňlerçe düýp agajyň gurluşyk we beýleki maksatlar üçin çapylandygyny aýtdy.

Farap etrabynyň tokaý sebitleri bilen bir hatarda, hünärmeniň sözlerine görä, Darganata etrabynda hem müňlerçe gektar tokaý meýdanlary tas ýok edilipdir.

Hünärmen türkmen telewideniýesinde görkezmek üçin sebitde ekilen ýüzlerçe düýp nahalyň Amyderýanyň ýakasynda we sebitiň beýleki tokaý zolaklarynda çapylýan müňlerçe agaçdan has azdygyny çaklaýar.

Türkmen TW-sine görä, ýurt boýunça ekilmegi meýilleşdirilen 30 million düýp agaç nahalynyň 15 million düýbi Aşgabat töwereklerine ekilmeli edilipdir.

“Oba ýerleri tebigy gaz bilen doly üpjün edilen bolanynda, daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk tagtalary has elýeterli bolanda, Türkmenistanda tokaýlaryň çapylmagynyň öňüni alsa bolardy” diýip, tokaý hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG