Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan süýşýän çägelere garşy göreşýär. Gaz ýatagynyň işgärleri gamyşdan böwet örýär


Galkynyş gaz ýatagynyň açylyş dabarasynda gaz öndürýän kompaniýanyň işgärleri. Türkmenistanyň Mary welaýaty, 4-nji sentýabr, 2013.

Galkynyşdaky gaz öndürýän kärhananyň işgärleri gamyşdan böwet örýärler we soňra çöle gidip, çäge gömýärler. Şeýlelik bilen, ýerli häkimiýetler süýşýän çägelere garşy göreşmäge synanyşýarlar. Galkynyşda ýurduň iň uly gaz ýatagy ýerleşýär.

Ýurduň esasy gaz ýatagynyň golaýynda ýerleşýän kärhanalaryň işgärleri, tebigy gaz çykarmak we öndürmek boýunça desgalaryň töweregindäki ýerleriň çölleşmeginiň öňüni almak çärelerine köpçülikleýin gatnaşýarlar. Bu barada 5-nji noýabrda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy ýerli işgärlere salgylanyp habar berdi.

"Şu günler kärhanalaryň işgärleri guran gamyşy örüp, çägä gömýärler. Her kärhananyň işçileri tarapyndan örülen gamyşlar bilen berkidilmeli belli bir meýdany bar" -diýip, ýerli çeşme gürrüň berýär.

Gamyş örmek we çägä gömmek işine gaz öndüriji pudagyň işgärleri - operatorlar, kebşirleýjiler, elektrikler, slesarlar we beýleki ýerli guramalaryň işgärleri, şol sanda ýerli agyz suw kärhanasynyň işçileri gatnaşýar.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli kärhanalaryň işgärleri hünärmenleriň mugt iş güýji hökmünde ulanylmagyndan nägile bolýarlar.

Ondan öň ýerli kärhanalaryň işgärler kükürt ýüklemek, ýerleri arassalamak we beton agdarmak ýaly işlere çekilipdi.

Şu ýylyň iýul aýynda Ýolotende ýerleşýän Galkynyş gaz zawodynyň işgärleri guramaçylykly ýagdaýda kükürt ýüklediler. Zawodyň işgärleri şonda olara çigmal we hapa ýüklemek üçin haltadan başga zadyň we agyr şertlerde işlemek üçin zerur serişdeleriň berilmändigini aýtdylar. Olar öz hasabyna ýörite eşikleri we maskalary satyn almaly bolupdyr.

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürlän ýerli kärhanalaryň işgärleriniň sözlerine görä, köp hünärmen işini ýitirmekden gorkup, mejbur edilýän islendik işi etmäge boýun bolýar. Olaryň köpüsi aýlyk haklaryndan onlarça esse ýokary bolan para berip, uly kynçylyk bilen iş tapan adamlar. Bir kärhanada ortaça aýlyk 1000 manat, Merkezi Bankyň nyrhy boýunça 285,7 dollardan, ortaça para bolsa, 60 000 manat, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň bahasy 17,142 dollardan geçýär. Agyr işsizlik şertlerinde türkmenistanlylar köplenç işe ýerleşmek üçin emläklerini satýarlar ýa-da karza batýarlar.

Ýolötendäki çeşmelere görä, şu günki gün gamyş örmek boýunça işler kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen edilýär we gara ýollaryň hem-de demir ýollaryň töwereginde çäge depeleriniň döremeginiň öňüni almak üçin alnyp barylýar.

Anonim gürlän Aşgabatly bilermen gamyşdan böwet etmegiň onlarça ýyl ozal ulanylan netijesiz usullaryň biridigini aýtdy.

"Bu, hereket edýän çägeleri saklamagyň usullaryndan biridir. hawa. Olar hatarlaýyn desgalar - ýollar, turbageçirijiler, elektrik liniýalary peýda bolan wagtyda, köp ulanyp başlandy. Olar çäkli bir çäre bolup, bu häzirem çägeleri köp saklap bilmeýär" - diýip, Türkmenistanyň Çöl institutynyň öňki işgäri aýdýar.

Onuň sözlerine görä, süýşýän çägeleri saklamak üçin nebit önümçiliginiň galyndylary bilen suwarmak ýaly has täsirli usullar bar we olar çägäni birnäçe möwsümiň dowamynda saklamaga mümkinçilik berýär.

Çägeli meýdan Türkmenistanyň ep-esli bölegini emele getirýär. Çöl ýurduň territoriýasynyň 70% -den gowragyny tutýar.

Bilermenler özleşdirilýän meýdanlaryň göwrüminiň yzygiderli atmagy bilen, soňky 30 ýylda çägä garşy göreşiň ep-esli haýallandygyny belleýärler we munuň sebitleriň çölleşmegi meselesini hasam agyrlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

"Onuň göwrümi elhenç, men ýygy-ýygydan kosmosdan alnan şekilleri öwrenýärin we 80-nji ýyllaryň başyndan bäri hemme zady dinamikada görýärin. Bu döwürde Garagum çölüniň üsti bilen birnäçe uly ýol guruldy, turbageçirijiler çekildi. Gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işler edildi. Dowletabadyň ýagny günortadaky gaz ýatagynyň töwereginde, Eýran bilen serhediň golaýynda betbagtçylykly görünýär"-diýip, aşgabatly bilermen aýdýar.

Türkmenistanda Çöl instituty şu günki gün hem işleýär. Hünärmenler öňki ýyllarda institutyň we çölleşmä garşy göreşmek üçin ýörite laboratoriýanyň çägäniň täsirini öwrenmek we öňüni almak üçin köp iş edendigini belleýärler. Institutyň işi 1998-nji ýylda, Ylymlar akademiýasy ýapylandan soň haýallapdy we Tebigaty goramak ministrligine geçirilip, Milli Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutyna öwrülipdi.

Aşgabatly hünärmeniň pikiriçe, çölleşmek meselesi onuň çözgüdi ugrunda işleýän ýörite gurluşyň ýoklugy sebäpli hasam güýçlenýär. Alym köp prosesi yzyna gaýtaryp bolmaýandygyny, şol ýerlerde köpçülikleýin ösümlik ekmek ýaly has netijeli çäreleriň gaty gymmada düşýändigini belleýär.

Soňky onýyllyklarda Türkmenistanda her ýyl millionlarça agaç oturdyldy, olaryň köpüsi gurady. Bu çykdajylarynyň bir bölegi býujet işgärleriniň we okuwçylaryň boýnuna düşdi, olar pul tabşyrmaga we agaç ekmek işine yzygiderli gatnaşmaga mejbur edildi.

Mejbury zähmeti ulanmak praktikasy Türkmenistanda giňden ulanylýar. Býujet işgärleri oba hojalygy işlerine, ýowarlara, gurluşyk, arassalaýyş we abadanlaşdyryş işlerine yzygiderli gatnaşýarlar we dürli çärelere öz aýlyklaryndan pul goşýarlar. Koronawirus pandemiýasy döwründe häkimiýetler tarapyndan ilata maliýe we guramaçylyk basyşy hasam artdy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň kanunlary mejbury zähmeti düýbünden gadagan edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG