Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgradda Mladiçiň suratyna ýumurtga atan aktiwistleriň tussag edilmegi protest döretdi


Bosniýaly serbleriniň uruş serkerdesi bolan Ratko Mladiçiň diwara çekilen suraty, Belgrad, 9-njy noýabr, 2021.
Bosniýaly serbleriniň uruş serkerdesi bolan Ratko Mladiçiň diwara çekilen suraty, Belgrad, 9-njy noýabr, 2021.

Protestçiler 9-njy noýabrda Belgradyň merkezinde ýygnanyp, Bosniýaly serbleriniň uruş serkerdesi bolan Ratko Mladiçiň diwara çekilen suratyna ýumurtga atan iki aktiwistiň tussag edilmegine jogap berdiler.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň agzalary we olara goşulan raýatlar Faşizme we Antisemitizme garşy Halkara gününi bellemek üçin Mladiçiň suraty çekilen diwaryň ýerleşýän köçesine ýygnanmaga synanyşdylar, emma polisiýa bu sebiti gabady we olaryň ýakynlaşmagynyň öňüni aldy.

Bir gün öň Serbiýanyň polisiýasy aktiwistler Aida Korowiçi we Ýelena Ýaçimowiçi olar surata ýumurtga atandan soň, gysga wagtlyk tussag edipdi. Olar birnäçe sagat saklanyp, boşadyldy.

Korowiç öz hereketiniň "öz-özünden" bolandygyny we ýadygärlik "goralýan wagtynda" simwoliki taýdan jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Serbiýanyň Içeri işler ministrligi öz beýanynda polisiýanyň jemgyýetçilik tertibini we ýadygärlik bilen baglanyşykly ähli ýygnanyşyklary gadagan edýändigini aýtdy.

Bosniýadaky söweşlerde 79 ýaşly Mladiç bosniýaly serb güýçlerine ýolbaşçylyk edip, uruş jenaýatlarynda aýyplandy. Bosniýanyň gassaby diýlip atlandyrylan bu adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG