Kiýewiň Solomensk etrap kazyýeti, Ukrainada saklanan türkmen raýatlarynyň kazyýet işi bilen baglylykda, özüniň Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň basyşyna duçar bolandygyny aýdýar. Bu barada garaşsyz türkmen neşirleri Ukrainanyň “Kazyýet-hukuk neşirine” salgylanyp habar berýärler.
Maglumata görä, Kiýewde birnäçe türkmen raýatyna Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 187-nji (talaňçylyk), 189-njy (gorkuzyp almak) we 289-njy (kesekiniň ulag serişdesini bikanun eýelemek) maddalaryna laýyklykda günä bildirilýär.
Etrap kazysy Anna Sergienkonyň Ukrainanyň Ýokary Adalat Geňeşine we Baş prokuraturasyna habar bermegine görä, türkmen ilçihanasynyň wekilleri 2-nji noýabrda geçirilen kazyýet diňlenişiginde, kazylar geňeşi mejlisler zalynda wagty, “bellenen tertibi bozup”, aýyplanýanlar bilen gürleşipdirler.
Galyberse-de, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew günäkärlenýänleriň ýakyn garyndaşlarynyň uzaga çeken kazyýet işine alada bildirýändikleri barada Solomensk etrap kazyýetine hat iberip, kazyýet işiniň çaltlandyrylmagyny haýyş edipdir.
Kazy Adalat Geňeşine iberen ýüzlenmesinde Ukrainanyň çäginde jenaýat işlerine garamak tertibiniň ýurduň jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýändigini belläpdir.
Turkmen.news neşiriniň bu kazyýet işi boýunça derňew maglumatlaryna salgylanyp, habar bermegine görä, 2018-nji ýyldan bäri Ukrainada Türkmenistanyň üç raýaty – Rustam Açilow, Maksat Muhtarkuliýew we Arslan Çaryýew – dördünji bir türkmen raýatynyň “Lexus RX300” awtoulagyny ogurlamakda aýyplanýarlar. Kazyýet bu iş boýunça heniz höküm çykarmady.