Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň klimat konferensiýasynyň soňky gününde täsirli ylalaşyk üçin “aýgytly pursat” döredi


Protestçiler COP26 sammitiniň çäklerinde dünýäniň klimaty boýunça has köp tagalla etmäge çagyrýarlar.
Protestçiler COP26 sammitiniň çäklerinde dünýäniň klimaty boýunça has köp tagalla etmäge çagyrýarlar.

BMG-niň Şotlandiýada geçýän klimat boýunça sammiti 12-nji noýabrda öz işini jemleýär. Iki hepde dowam eden maslahatyň dowamynda global maýlamany selsiý boýunça 1,5 gradus derejede peseltmek üçin kömürturşy gazlaryny azaltmak barada häzire çenli ylalaşyga gelmek başartmady.

Maslahatyň jemlenmegine bir günüň galmagy bilen, dünýä döwletleriniň göz öňünde tutulýan maksada ýetmek üçin, gysga möhletde kömürturşy gazlarynyň möçberini azaltmak ugrundaky tagallalary güýçlendirmek boýunça ylalaşyga golaýlandygyna meňzemeýär.

Mundan başga-da, maslahatda klimat boýunça tagallalaryň hasabaty, şeýle-de howanyň üýtemegi sebäpli has köp ejir çekýän ýurtlara berilmeli hemaýat barada hem jedeller bar.

Maslahata ýolbaşçylyk edýän britan ministri Alok Şarma ylalaşygy baglaşmak üçin wagtyň juda az galandygyny duýdurdy.

COP26 diýlip bilinýän sammite dünýäniň 200-den gowrak döwletiniň wekilleri gatnaşýar. Olar 2015-nji ýylaky Pariž klimat ylalaşygyndan bäri dowam edip gelýän meselelere oňyn çözgüt tapmak ugrunda, şeýle-de global howanyň temperaturasynyň selsiý boýunça 1,5 gradus derejesinden ýokary galmagynyň öňüni almak boýunça pikir alyşýarlar.

Şarma maslahat gutarmazyndan ozal, agyr meselelere çözgüt tapmaga çagyrdy.

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres gepleşikleriň “aýgytly pursada” ýetendigini, şeýle-de gowşak bir ylalaşygy baglaşmagyň deregine, has köp netijeli tagallalaryň zerurdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG