Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ýakyn gündogarly raýatlary Minsk ugry boýunça uçarlara goýbermeýär, ÝB-Belarus serhedindäki krizis ýitileşýär


Polşa-Belarus serhediniň boýundaky çadyr lagerinde garaşýan migrantlar.
Polşa-Belarus serhediniň boýundaky çadyr lagerinde garaşýan migrantlar.

Belarusyň döwlet eýeçiligindäki “Belawiýa” howaýollary gullugy Türkiýeden yrakly, siriýaly we ýemenli raýatlary Belarusa getirmegini togtadandygyny mälim etdi. 12-nji noýabrda “Belawiýa” bu karara Türkiýäniň haýyşy esasynda gelendigini aýtdy. Bu aralykda, Belarus bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky serhetdäki migrant krizisi barha ýitileşýär.

Mundan bir gün öň, BMG-de Günbatar döwletleri ýakyn gündogarly müňlerçe adamyň Belarus bilen Polşanyň serhedinde gabalmagyna getiren Belarusyň alyp barýan syýasaty sebäpli Minski ýazgardylar.

Belarusa barýan migrantlaryň sany soňky birnäçe aý bäri ýokarlanýar, olaryň müňlerçesi Polşanyň, şeýle-de ÝB agzalary bolan Latwiýanyň we Litwanyň çägine bikanun girmäge synanyşýarlar.

ÝB Belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenkany geçen ýylda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňra Brýusseliň girizen sanksiýalaryndan ar almak üçin daşary ýurtlardan migrant getirip, olary bileleşigiň serhetlerine itermekde aýyplady.

Türkiýäniň howa resmileri 12-nji noýabrda Türkiýeden Minske uçýan uçarlar üçin yrakly, siriýaly we ýemenli raýatlar üçin biletleriň satylmajakdygyny tassyklady.

Polşanyň TVN24 kanaly 11-nji noýabrda ýerli polisiýanyň ýurda bikanun girmekçi bolan migrantlaryň iki toparynyň öňüni alandygyny habar berdi.

11-nji noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Nýu-Ýorkda geçen maslahatynda Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Estoniýa, Fransiýa, Irlandiýa, Norwegiýa we Albaniýa Belarusyň adam ykballary bilen oýnamak boýunça alyp barýan pyssy-pyjurlyklaryny ýazgardylar. Şeýle-de, diýdimzor Lukaşenkanyň regional howpsuzlyk üçin howpa öwrülendigini aýtdylar.

Krizisiň geopolitiki ölçegine üns çekip, Russiýa 10-njy noýabrda ýadro ukyply iki bomba uçaryny belarus howa giňişligine uçurdy. 11-nji noýabrda Russiýa öz ýaranyna goldaw hökmünde ýadro ukyply iki bomba uçaryny tälim-türgenleşik missiýasy üçin Belarusa iberdi.

XS
SM
MD
LG