Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel COVID-19-yň dördünji tolkunyna garşy “milli derejede” göreşmäge çagyrdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel koronawirusyň ýurtdaky dördünji tolkunyna garşy göreşde “milli derejede tagalla etmäge” çagyrdy, şeýle-de “agyr hepdeleriň entek öňdedigini” duýdurdy.

Merkel 13-nji noýabrda ýurtdaşlaryny COVID-19-a garşy sanjym etdirmäge çagyrdy. Ýewropa Bileleşiginiň iň köp ilatly ýurdunda wirusa ýolugýanlaryň köpelmegi bilen, Germaniýanyň saglyk pudagyna çenden aşa agramyň düşüp biljekdigi boýunça howatyrlanmalar bar.

Germaniýada soňky 24 sagadyň içinde wirusa ýolugan 50 müň 196 adam ýüze çykaryldy. Bu ýurtda gündelik ýolugýanlaryň ilkinji gezek 50 müňden aşmagy boldy.

Soňky maglumatlara görä, Germaniýada wirusdan 228 adam ölüp, jemi heläk bolanlaryň sany 97 müň 617-ä ýetdi.

“Men bu ýagdaýdan juda aladalanýaryn” diýip, Merkel özüniň hepdelik podkastynda belledi.

XS
SM
MD
LG