Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda Türkmenabatda bir bazar gaýtadan açyldy


Türkmenistanda bir bazar. Illýustrasiýa suraty.

Ýurtda dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň fonunda Türkmenanatda bir bazaryň işiniň bölekleýin dikeldilmegi söwdagärleri we gyş eşik satyn almakçy bolýan ýerli ýaşaýjylary begendirdi. Bazaryň açylmagy 1-nji noýabrda bazar söwdagärleriniň şäherde geçiren protest çäresiniň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde global koronawirus pandemiýasynyň fonunda girizilen çäklendirmeleriň çäginde ýapylan bazarlar açylyp başlandy. Kafeler, restoranlar, awtoulaglara hyzmat ediş nokatlary we awto ýuwalgalar ýapyklygynda galýar. Resmiler tarapyndan öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasy boýun alynmaýan ýurtda maska we sosial aralyk düzgünleri dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebapda soňky aýlarda sähel aşaklan ýokuşmalaryň gaýtadan hasaba alnyp başlanandygyny habar berýärler. Bu aralykda, bazarlaryň soňky üç aý töweregi wagt bäri ýapylandygyna garamazdan, salgyt we kireý töleglerini tölemäge mejbur edilýän bazar söwdagärleri bu talaplardan nägile bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde 13-nji noýabrda bir bazaryň işiniň bölekleýin dikeldilendigini habar berdi.

Bazaryň gaýtadan açylmagy 1-nji noýabrda Türkmenabatda bazar satyjylarynyň häkimiýetlere protest bildirip, bazaryň gapdalyndaky bir köçäni petiklemeginiň yz ýanyna gabat geldi. Has ozal, 21-nji oktýabrda Baýramlyda 100-dan gowrak bazar söwdagäri bazar petiklemelerine nägilelik bildirip şäher häkimliginiň öňüne bardy.

“Bazaryň açylmagy ýaşaýjylar üçin guwandyryjy waka boldy. Sebäbi gyş eşiklerini satyn almak üçin garaşýan adam köpdi. Ýöne bazar çäkli işleýär. Hepdede iki gün: 6-njy gün we 2-nji gün işleýär” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Şoňa-da köp adam şükür edip begendi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy Lebap welaýatynyň Farap we Dänew etraplarynda daýhan bazarlarynyň hepdäniň üç güni: çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri işleýändigini habar berýär.

“Bazarlaryň diňe üç gün açylmagy ýerli ýaşaýjylaryň bazarlara bolan talabyny doly kanagatlandyryp bilmese-de, söwda işçileriniň soňky birnäçe aý bäri girdejisiz galandygy göz öňünde tutulsa, [olaryň açylmagy] gowy boldy” diýip, beýleki bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyza görä, beýleki hyzmat ediş nokatlaryna girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar: restoranlar, kafeler, toý mekanlary, awtoulaglara hyzmat ediş nokatlary, awtoýuwalgalar ýapyklygynda galýar. Muňa garamazdan, habarçymyz Türkmenabatda diňe bir toý mekanynyň işine rugsat berilýändigini habar berdi.

“Kafelerde we restoranlarda işleýän müňlerçe işçi indi birnäçe aý bäri işsiz galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa döwründe girizilen çäklendirmeler sebäpli işi togtadylan edara-kärhanalara döwlet tarapyndan nähilidir bir kömegiň berilýändigi ýa-da däldigi barada köpçüligiň öňünde beýanat bilen çykyş etmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda işi togtadylan bazarlardaky söwdagärlere soňky üç aý bäri salgyt tölegleriniň hem-de kireý tölegleriniň adatdakysy ýaly töledilýändigini habar berýär.

Galyberse-de, habarçymyza görä, Türkmenabatda bir bazaryň gaýtadan işe başlamagy, bazar söwdagärleriniň bu ýagdaý boýunça şäher häkimligine eden şikaýatynyň yz ýanyna gabat gelipdir.

Bazar söwdagärleri häkimlige beren arzalarynda bazaryň açylmagyny, ýa-da bolmasa soňky üç aýyň dowamynda özleriniň söwda nokatlary boýunça geçiren tölegleriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini talap edipdirler.

Bazar söwdagärleri soňky üç aý töweregi wagtyň dowamynda bazarlaryň işiniň togtadylandygyna garamazdan, özleriniň kireý we salgyt töleglerini töläp gelendiklerini aýdýarlar.

Bu aralykda, habarçymyz Türkmenabatda beýleki karantin çäklendirmeleriniň saklanyp galýandygyny, şäheriň merkezindäki köp gatly jaýlaryň arka tarapynda ýas çärelerini geçirmegiň gadagan edilýändigini habar berýär.

“Märeke bermek üçin stol-stul goýdurmaýarlar. Gazan gaýnatmak berk gadagan. Şol sebäpden ýogalýan adamlaryň ýedisi we kyrky ýaly sadakalary onuň dogduk obasynda bermek tabşyrylýar” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan bir saglyk işgäriniň sözlerine görä, Türkmenabatda öňümizdäki ýylyň 15-nji ýanwaryndan, giç galsa, 1-nji fewraldan başlap, “rekwaksinasiýa”, gaýtadan sanjym işlerine başlamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG