Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalydaky orta mekdeplere duýdansyz barlagçylar aýlanýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki orta mekdeplere duýdansyz barlagçylar aýlanýar. Welaýat we etrap bilim bölüminden gelýän bu barlagçylar sapaklara girip, mugallymlaryň öz sapaklaryny doly okadýandygyny ýa okatmaýandygyny barlaýarlar. Bu barlaglar barada mekdep mugallymlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Barlagçylar duýdansyz sapaklara girýärler. Mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, konspektleriniň ýerinde ýa däldigini barlaýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran baýramalyly mugallym 15-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, barlagçylar gelen wagty mugallymlar ýerinde, synplarda bolmasa, onda olara işden kowulmak howpy abanýar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, şuňa meňzeş barlaglar welaýatyň tas ähli etraplaryndaky orta mekdeplerde geçirilýär. Şeýle barlaglaryň geçirilmegine nämäniň sebäp bolandygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mugallymlar şuňa meňzeş barlaglaryň mundan ozal hem ýylda bir ýa ondan köp sapar geçirilýändigini aýdýarlar. Ýöne olar bu gezekki barlaglaryň öňkülerden tapawutlydygyny aýdyp, "bu saparky barlaglaryň mugallymlaryň işinde bahana tapyp, olary işden çykarmaga we olaryň deregine täze işgär almaga gönükdirilendigini" belleýärler.

"Häzir bir mugallymy işden boşadyp bilseler, onuň deregine 100 müň manat para alyp, täze adamy işe alýarlar" diýip, baýramalyly mugallym şu ýagdaýa eýýäm birnäçe tejribeli bilim işgäriniň duçar bolandygyny aýtdy.

Azatlygyň bu barada Mary welaýat we Baýramaly etrap Bilim müdirliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanda işe ýerleşmek üçin ýurt raýatlarynyň para bermäge mejbur bolýandygy, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň täze işgär almak üçin öňden işläp gelýän hünärmenleri dürli bahanalar esasynda işden çykarýandygy barada Azatlyk öň hem ençeme gezek habar beripdi.

Şu aýyň başynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli kärhanalaryň işgärleri özleriniň aýlyk haklaryndan onlarça esse ýokary bolan parany berip, uly kynçylyk bilen iş tapandygyny gürrüň berdiler. Olaryň sözlerine görä, bir kärhanada ortaça aýlyk 1000 manat, ortaça para bolsa, 60 000 manatdan geçýär.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna yzdaky orunlary eýeleýär.

“Transparency International” guramasynyň dünýäde korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2020-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 165-nji orny eýeledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG