Özbegistanyň prezidenti, Milli howpsuzlyk gullugynyň bir wagtlar täsirli başlygy bolan Rüstam Inoýatowy kanun goraýjy geňeşçisi wezipesinden aýyrdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň metbugat sekretary 15-nji noýabrda Inoýatowyň ýerine Bagtiýor Islomowyň geçýändigini habar berdi.
Metbugat sekretary Şerzod Asadow goşmaça maglumat bermedi.
General-polkownik harby derejesindäki 76 ýaşly Inoýatow bir wagtlar Mirziýoýewa garşydaş hökmünde görülýärdi.
2018-nji ýylyň başynda prezidentiň geňeşçisi bolup, öňki wezipesinden aýrylmanka Inoýatow 23 ýyl töweregi Milli Howpsuzlyk Gullugynyň başlygy boldy.
Inoýatow uzak wagtlap ýurdy dolandyran prezident Yslam Kerimowyň 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda aradan çykmagyndan soň işini dowam etdiren az sanly ýokary wezipeli adamdan biri.
Onuň ýolbaşçylygynda sowet döwrüniň KGB-niň ornuny tutan Milli howpsuzlyk gullugy, berk gözegçilik edilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda iň güýçli we gorky döredýän guramalaryň birine öwrüldi.
Mirziýoýew, Inoýatow işden aýrylandan gysga wagt soň bu gullugyň adyny Döwlet howpsuzlyk gullugy diýip atlandyrdy.