Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 boýun almaýan Türkmenistan BSG-ä wirus boýunça merkezi döretmegi teklip edýär


BSG-niň COVID-19 boýunça resmi toparynyň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda geçirilen metbugat-konferensiýasy, Aşgabat, 15 iýul, 2020
BSG-niň COVID-19 boýunça resmi toparynyň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda geçirilen metbugat-konferensiýasy, Aşgabat, 15 iýul, 2020

2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen resmileriniň Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropa boýunça adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit direktory hanym Dorit Nitzan bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň DIM-niň maglumatyna görä, duşuşykda daşary işler ministri R.Meredow türkmen tarapynyň birnäçe inisiatiwasyny öňe sürüpdir. Olaryň arasynda Meredow Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkeziniň döredilmegini şeýle hem Türkmenistanda epidemiologiýa, wirus we bakteriologiýa boýunça gözleg hem önümçilik merkezini döretmegi teklip edipdir.

Şeýle teklibi öňe sürýän Türkmenistan dünýäde kesellänleriň sany 254 milliondan aşyp, ölenleriň sany 5 milliondan geçen wagtynda henize çenli öz territoriýasynda koronawirusyň ýekeje-de ýagdaýyny resmi hasaba almandygyny aýdyp gelýär.

Noýabryň başynda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) wekili Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine ilkinji gezek açyk ýagdaýda şübhe bildirdi.

Resmi habara görä, 15-nji noýabrda BSG-niň resmileri bilen duşuşygynda türkmen tarapy ýene-de yzygiderli ýygnaklary guramagy öňe sürüpdir. Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyndaky adaty tejribelerine görä, ýurt resmileri dürli ýygnaklary geçirmegi teklip edýär we ýurduň guramaçylyk roluny nygtap gelýär.

XS
SM
MD
LG