Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2022-nji ýylyň SAMBO çempionatyny geçirmek hukugyndan mahrum bolup biler


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Halkara sambo federasiýasy (HSF) 2022-nji ýylda Türkmenistany çempionaty geçirmek hukugyndan mahrum edip biljekdigini duýdurýar we ýerli häkimiýetleriň bu çäräniň meýilnamasyny henizem hödürlemändigini aýdýar. Bu barada Inside the games sport neşiri habar berýär.

Federasiýanyň başlygy Roberto Ferraris, guramanyň üstümizdäki ýylyň 31-nji dekabrynda çempionaty geçirmegiň planyny hödürlemek haýyşy bilen Türkmenistanyň Söweş sungaty federasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Serdar Berdimuhamedowa hat iberjekdigini mälim edipdir.

Şeýle-de bolsa, Ferraris, türkmen tarapyň bu talaby kanagatlandyrmaga wagtynyň boljagyna şübhelenýär we HFS-iň bäsleşigi geçirmek üçin eýýäm alternatiw mümkinçilikleri göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

“Çempionaty guramak meýilnamasy geçirilmezinden bir ýyl öň tabşyrylmaly, şondan soň ýerinde barlag geçirmek üçin komissiýa iberilmeli. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan talaplary ýerine ýetirmedi. Dekabr aýynyň ahyryna çenli möhleti uzaltdyk, ýöne kepillik bermäge wagt tapjakdygyna men şübhelenýärin" diýip, sport neşiri Ferrarisi sitirleýär.

Aşgabat Sambo çempionatyny geçirmegi 2020-nji ýylda meýilleşdirýärdi. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäräni geçirmekden ýüz öwürendigi mälim boldy.

XS
SM
MD
LG