Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: Merkel, Lukaşenko migrant krizisi boýunça ýene bir telefon söhbetdeşligini geçirdi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Aleksandr Lukaşenko
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (çepde) we Aleksandr Lukaşenko

Belarus – Polşa serhedinde dowam edýän migrant krizisiniň fonunda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel belarus diýdimzory Aleksandr Lukaşenko bilen 17-nji noýabrda, bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek, telefonda gürleşdi.

German tarapyna görä, Merkel we Lukaşenka Ýewropa Bileleşiginiň migrantlara ynsanperwer ýardam bermegi we olaryň öýlerine dolanmagyna kömek bermegi barada gepleşdiler.

Lukaşenkanyň metbugat gullugy iki lideriň Belarus – ÝB dialogy boýunça ylalaşandyklaryny öňe sürdi, ýöne muny Germaniýa ret etdi.

Ýewropa Bileleşigi Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdi, ýa-da onuň bilen 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soňra aragatnaşyk saklamady. Jedelli saýlawlaryň yz ýany parahatçylykly protestçiler ýowuz basyp ýatyrmalara sezewar boldy.

Lukaşenka bilen 15-nji noýabrda geçiren telefon söhbetdeşliginde Merkel Ýewropa Bileleşigi bilen Belarusyň arasyndaky tokaý serhedinde gysylyp galan müňlerçe hor-homsy bosguna we migranta ynsanperwer ýardamy ara alyp maslahatlaşdy.

Munuň yz ýany, Ýewropa Bileleşigi Ýakyn Gündogardan aldaw ýoly bilen migrant getireni üçin Lukaşenka hökümetine garşy sanksiýalary güýçlendirmek kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG