Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply sürüjiler benzin satyn almak üçin gaz we tok üçin bergisiniň ýokdugyny subut etmeli


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata we Farap etraplarynyň ýangyç guýýan beketlerinde benzin satyn almak isleýän sürüjilerden hojalyk hyzmatlary üçin döwlete bergisiniň ýokdugyny subut etmek talap edilýär. Degişli resminamalary görkezip bilmedik sürüjilere benzin satylmaýan mahaly, täze talap ýangyç guýýan beketlerde "para-berime" hem ýol açýar. Bu waka welaýatda solýarkanyň gytçylygynyň emele gelen we lebaplylardan elektrik energiýasynyň 2021-nji ýyl üçin tölegini üstümizdäki ýyl tamamlanmazdan doly geçirmegiň talap edilýän mahalyna gabat gelýär.

"Farabyň we Darganatanyň ýangyç guýýan beketlerinden benzin satyn aljak sürüjiler tok we gaz üçin döwlete bergili däldigini subut etmeli. Munuň üçin degişli döwlet edaralaryndan, gaz we elektrik edaralaryndan alnan tassyknamany hem-de töleg kwitansiýalaryny görkezmeli" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran darganataly ýaşaýjy 18-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, resminamalary görkezip bilmedik sürüjilere benzin satylmaýar.

"Mundan ozal şular ýaly tassyknamalary işleýän edaraňa ýa-da paýok satyn almak, işe ýerleşmek we jaý eýesi bolan pensionerler pensiýa almak üçin görkezmelidi. Indi benzin satyn almak üçin-de bu resminamalary görkezmeli" diýip, darganataly ýaşaýjy aýtdy.

Täze talap raýatlarda degişli edaralara gatnap, tassyknama almak ýaly goşmaça kynçylyklary döredýän mahaly, etraplaryň ýangyç guýýan beketlerinde bolsa para-berime ýol açýar.

"A95 markaly benziniň bir litrniň bikanun bahasy 5 manada çenli ýokarlandy. Bu puly töleseň, resminamaň bolmanda-da, ulagyňa benzin guýup berýärler" diýip, ulag sürüjisi anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň bu barada "Türkmennebitönümleri" kärhanasyndan we agzalýan etraplaryň häkimliklerinden, şeýle-de gaz we elektrik edaralaryndan goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Ýöne bu täze talap welaýatda ýangyjyň, şol sanda solýarkanyň gytçylygynyň emele gelen wagtynda güýje girizildi.

11-nji noýabrda Lebapdaky habarçymyz solýarkanyň welaýatyň diňe käbir ýangyç beketlerinde tapdyrýandygyny aýtdy. Ol munuň bilen bagly welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki ýangyç guýýan beketleriň käbirinde ulaglaryň uly nobatlarynyň dörändigini hem belledi.

18-nji noýabrda maglumat beren habarçymyz welaýatda ýangyç gytçylygynyň saklanyp galýandygyny, Darganatada A92 markaly benziniň tas alty aý, eko93 markaly benziniň iki ýyl bäri satuwda ýokdugyny aýtdy.

"A80 markaly benzin bolsa, Darganatadaky ýangyç guýýan beketleriň diňe dört sanysynda satylýar. Farapda A95 markaly benzin indi alty aý bäri satuwda ýok" diýip, ýagdaýdan habarly ulag sürüjisi aýtdy.

Bellesek, täze talap Lebapda raýatlardan 2021-nji ýyl üçin elektrik töleglerini üstümizdäki ýyl tamamlanmazdan doly geçirmegiň talap edilýän mahalyna hem gabat geldi. 20-nji oktýabrda elektrik edarasynyň işgärleri ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy üçin tölegiň geljek ýyldan başlap ýokarlanjakdygyny aýdyp, tölegleri şu ýylyň ahyryna çenli geçirmedik raýatlaryň bergileriniň täze - ýokarlandyrylan - nyrhdan tölediljekdigini duýdurypdylar.

Galyberse-de, bu habardan iki gün öň, ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň töleginiň "geljek ýyldan başlap tas iki esse ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulýandygy" barada maglumat gelip gowuşdy.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanandygy aýdylsa-da, Azatlyk ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.

Habarçylarymyz Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşendigini aýdyp, elektrik, gaz we suw töleglerini töläp bilmeýän maşgalalary has köp görse bolýandygyny aýdyp gelýärler.

Bu habarlaryň arasynda, Lebapda ilatyň ençeme ýyllardan bäri dowam edýän elektrik ýetmezçiligi bilen bagly problemasy saklanyp galýar..

"17-18-nji noýabrda Farapda şäher we etrap ilatynyň tas 40%-i 17 sagatlap toksuz galdy. 17-den 18-ne geçilen gije bolan aýaz howada Farabyň 15-nji mekdebiniň ýyladyş turbasy ýaryldy. Muňa elektrik toguň kesilmegi netijesinde daşardan gelýän ýyladyş turbasyndaky suwuň doňmagy sebäp boldy" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 18-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol munuň netijesinde mekdebiň 23 müň manat zyýan çekendigini we bu serişdäniň okuwçylaryň hasabyna ene-atalardan ýygnalýandygyny hem aýtdy.

"Mekdebiň ýyladyş ulgamyny abatlamak üçin her okuwçydan 50 manat pul ýygnalýar" diýip, ol sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG