Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda elektrik energiýasynyň tölegini ‘iki esse artdyrmak göz öňünde tutulýar’


Tok ölçeýji abzal
Tok ölçeýji abzal

Türkmenistanda ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilatyň sarp edýän elektrik energiýasynyň tölegini geljek ýyldan başlap tas iki esse ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar diýip, Azatlygyň ýurduň energiýa pudagyndaky çeşmesi habar berýär. Habarçylarymyz munuň çäginde häzir ýurduň dürli künjeklerinde hojalyklardaky tok ölçeýji abzallaryň guratlygynyň köpçülikleýin ýagdaýda barlanýandygyny belleýärler. Galyberse-de, geçen hepde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içerki sarp edijilere berilýän toguň “netijeli we tygşytly ulanylmagy” üçin, anyklaşdyrmazdan, ähli çäreleriň görülmegine uly üns berilmelidigini aýtdy.

“Aşgabatdan – Energetika ministrliginden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap hojalyklaryň elektrik togunyň bahasynyň artdyryljakdygy duýduryldy. Munuň üçin, üç aýyň içinde ähli öýlere talaba laýyk ölçeýjileri oturtmak barada tabşyryk berildi” diýip, Lebabyň atlandyrylmasyzlygyny soran elektrik pudagyndaky bir resmisi 18-nji oktýabrda ýerli habarçymyza aýtdy.

Onuň maglumatyna görä, häzir hojalyklar 100 kilowatt üçin 2,50 manat töleg edýän bolsa, geljek ýyldan muny dört manada çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

“Aşgabatly ýolbaşçylar munuň häzir diňe deslapky sandygyny, onuň ýylyň aýagyna çenli ýene üýtgedilmeginiň mümkindigini duýdurdylar” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň Energetika ministrligine resmi taýdan tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady. Emma bu habaryň fonunda häzirki pursatda ýurduň dürli künjeklerinde hojalyklardaky tok we gaz ölçeýji abzallary barlamak boýunça giň gerimli çäreler başladyldy.

Geçen hepde Lebabyň Çärjew etrabynyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Laçyn daýzanyň (ady üýtgedilen – red.) öýüne ýerli gaz üpjünçilik edarasynyň, häkimligiň, şol sanda polisiýanyň wekilleri gelip, öýündäki tok ölçeýji abzalyny görkezmegini talap etdiler.

“Bu topar gapyma-gapy aýlanyp, geljek ýyla çenli ähli öýlerde elektron görnüşli ölçeýjiniň oturdylmalydygyny, ýogsa talaba laýyk gelmeýän abzallaryň barlagdan geçirilmejekdigini duýdurýar” diýip, üç çaganyň ejesi Laçyn daýza 18-nji oktýabrda giçlik habarçymyza gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem Lebabyň birnäçe sebitindäki, şol sanda Çärjew we Saýat etraplaryndaky bu barlaglaryň çäginde ýyladyşhanasy bolan hojalyklara, munuň üçin aýratyn ölçeýjili geçirijiniň çekilmelidigini we goşmaça şertnama baglaşylmalydygyny aýdýandyklaryny habar berýär. Muny berjaý etmeýänlere, ýyladyşhananyň göwrümine görä, 1 müň 200 – 1 müň 500 manat aralygynda jerime salynýandygy hem nygtalýar.

Şeýle-de, neşir eýýäm 10 gün töweregi bäri Lebabyň obalarynda ir sagat 8-den ikindin sagat 18-e çenli ilata berilýän gazyň we toguň kesilýändigini belleýär. Maglumata görä, bu sebitdäki soňky 25-30 ýylyň dowamynda könelen geçirijileri we liniýalary abatlamak işleri bilen düşündirilýär.

Sebitlerde gaz we tok ölçeýjilerini barlamak işleri, adatça, her ýylyň güýzünde geçirilýändigine garamazdan, bu ýylky çäreler geljek ýyldan başlap hojalyklaryň elektrik energiýasynyň töleglerini atdyrmak boýunça planlar bilen baglylykdaky görülýän taýýarlyklara gabat geldi.

Galyberse-de, 15-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň nobatdaky mejlisinde sarp edilen elektrik energiýasy üçin hasaplaşyklaryň sanly ulgam arkaly “dünýä tejribesine laýyklykda” amala aşyrylyşyna gözegçilik edilmelidigi aýdyldy. Emma “dünýä tejribesine laýyklykda” diýen söz düzüminiň çäginde anyk haýsy çäreleriň göz öňünde tutulýandygy aýdyňlaşdyrylmady.

Mundan başga-da, maslahatda ýurduň öz ilatynyň ençeme ýyllardan bäri kösenýän tok ýetmezçiligi barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edildi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikli harytlary, hyzmatlary ýatyrdy. Bu karar Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şonda ilatyň durmuş derejesiniň ýokary galandygy aýdylypdy. Emma Azatlyk ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, gytçylygyň we gymmatçylygyň arasynda gurpdan düşen ilatyň gün-güzeran aladalarynyň has hem kynlaşandygy barada dowamly maglumatlary beripdi.

Bu aralykda, çärjewli Laçyn daýza toguň nyrhlarynyň ýene-de artmak mümkinçilikleriniň fonunda maşgala harajatlaryndan, şol sanda çagalarynyň eklenjinden ýene nämeleri kesip boljakdygy barada alada galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG