Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda solýarkanyň gytçylygy emele geldi


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda awtoulaglar üçin niýetlenen nebit önümi bolan solýarkanyň gytçylygy emele geldi. Munuň bilen bagly welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherindäki ýangyç guýýan beketleriň käbirinde awtoulaglaryň uly nobatlary döredi. Bu gytçylyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini eksport eden mahalyna gabat geldi.

"Häzirki wagt Lebapda solýarka gytalýar. Şu günler ony diňe Türkmenabatdan Mara barýan ýoluň, Amul köçesiniň ugrunda ýerleşýän ýangyç guýýan beketde tapyp bolýar. Bu ýerde ulaglaryň uzyn nobatlaryny görse bolýar. Başga beketlerde solýarka ýok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply ulag sürüjisi 11-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, solýarkanyň gytalmagy ýük daşaýan uly ýük ulaglaryna has-da ýaramaz täsir ýetirýär.

"Olar ulaglara ýangyç guýup bilmeýändikleri, solýarka üçin nobatlarda durup, köp wagt garaşmaly bolýandyklary üçin barmaly ýerine öz wagtynda baryp bilmeýärler. Bu olaryň hereketini çäklendirip, işini bökdeýär" diýip, ulag sürüjisi belledi.

Habarçymyz soňky günlerde awtoulaglar üçin niýetlenen ýerli çalgy ýaglarynyň hem gymmatlandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, mundan üç aý öň 1 litri 15 manat bahalanan çalgy ýagy häzir 37 manatdan satylýar. Onuň 1,5 litrniň bahasy bolsa 45 manada ýetdi.

Bu gytçylygyň we gymmatçylygy sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan resmi düşündiriş berilmeýär. Azatlyk bu barada maglumat almak üçin "Türkmennebitönümleri" baş müdirligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 11-nji noýabrda sagat 12:30-16:00 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Lebapda emele gelen bu gytçylyk türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan nebit önümlerini eksport eden mahalyna gabat geldi.

8-nji noýabrda TDH "tamamlanan hepdäniň söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlanandygyny" belläp, döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-siniň hasaba alnandygyny habar berdi.

"Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar" diýlip, resmi habarda geleşikleriň jemi bahasynyň ABŞ-nyň 39 million 474 müň dollaryndan gowrak bolandygy hemb bellenilýär.

Bu aralykda, SNG.TODAY neşiri hem, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Özbegistana 289 million litr benziniň import edilendigini, şonuň 126 million litrden gowragyny türkmen ýangyjynyň emele getirýändigini habar berdi.

Neşiriň Özbegistanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, 9-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, Özbegistana import edilen benziniň jemi bahasy 104 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

"Häzirki wagt Türkmenistan Özbegistana import edýän ýangyjynyň möçberi boýunça Russiýadan soň ikinji orunda durýar" diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň dürli regionlarynda ulaglar üçin ýangyç ýetmezçiligi wagtal-wagtal ýüze çykýar. Mundan ozal, şeýle ýetmezçilik geçen ýylyň noýabrynda ýüze çykypdy. Şonda habarçymyz Türkmenabat şäheriniň çägindäki ýangyç guýujy beketlerde A92, A93 markaly benziniň tapdyrmaýandygyny we A80 markaly benziniň nobatynyň bolsa, barha ulalýandygyny habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara satylýan mukdarynyň artdyrylýandygyny habar berseler-de, raýatlaryň ýangyç ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG