Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW aktiwist Azat Isakowyň azat edilmegine çagyrýar


Aktiwist Azat Isakow

Ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy Türkmenistanda ýiten aktiwist Azat Isakowyň zor bilen ýitirim etmäniň pidasy hasaplanýandygyny aýtdy we onuň dessine azat edilmegine çagyrdy.

“Isakowyň Russiýadan Türkmenistana äkidilmegi barada bir topar jogapsyz sorag bar, ýöne onuň türkmen tussaghanasyndadygy barada welin şek-şübhe ýok - zor bilen ýitirim etmäniň ýene bir pidasy” diýip, HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber 18-nji noýabrda çap eden beýanatynda aýtdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmenistanda aktiwiste gynamalara we beýleki kemsitmelere sezewar bolmak howpunyň abanýandygyny aýtdy.

“Türkmen häkimiýetleri derhal Isakowyň nirededigini tassyklamaly we ony azat etmeli. Türkmen hökümeti bilen ynsan hukuklary boýunça ýyllyk dialoglary geçirýän Baýden administrasiýasy we Ýewropa Bileleşiginiň ikisi-de muňa çagyryş etmeli” diýip, HRW aýtdy.

Ýatlatsak, türkmen režimini we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny açyk tankytlan 37 ýaşly Isakow 20-nji oktýabrda Russiýada ýitirim bolupdy. 9-njy noýabrda Russiýanyň Içeri işler ministrligi Isakowyň Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden Türkmenabat şäherine uçandygyny aýdyp, aktiwistiň gözlegini guramak üçin Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmagy teklip edipdi.

Emma Isakowyň egindeşleri we ynsan hukularyny goraýjy toparlar Türkmenistanyň 2020-nji ýylda pandemiýa bilen baglylykda halkara uçar gatnawlaryny ýatyrandygyna, şeýle-de aktiwistiň türkmen pasportyny ýitirendigine ünsi çekip, onuň Russiýadan Türkmenistana bikanun iberilendigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky çeşmeleriniň biri onuň 22-nji oktýabrda Moskwadan Türkmenabada getirilendigini habar berdi.

Azatlygyň polisiýadaky çeşmeleriniň biri Isakowyň Türkmenabadyň polisiýa müdirliginde alty sagat töweregi saklanyp, soňra Aşgabada iberilendigini habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar repressiw türkmen häkimiýetleriniň aktiwistiň tankydy çykyşlaryndan ar alýandygyny aýdýarlar.

Azat Isakow 2019-njy ýyldan bäri türkmenleriň protest hereketine işjeň gatnaşyp, ol 2020-nji ýylyň maýyndan bäri Internet kanallarynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini açyk tankytlap başlady.

Resmi däl maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň iýunynda Isakow Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilipdir, onuň "Watan dönügi" ýazgyly suraty hem polisiýa bölüminde asylypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň, şol sanda “Memorial” we “Türkmen Helsinki fondy” guramalarynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri aktiwistiň Türkmenistandaky garyndaşlaryndan onuň onlaýn çykyşlaryny bes etmegini birnäçe gezek talap edipdir, ýogsa-da "tapylar we jezalandyrylar" diýip haýbat atypdyrlar. 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ene-atasynyň öýünde ýaşaýan ähli garyndaşlarynyň telefonlary barlag üçin ele salnypdyr.

Açlyk, işsizlik, koronawirusdan ölümiň köpelmegi ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ykrar edilmezligi ýurtda nägileligi artdyrýar we daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň garşylyk hereketini güýçlendirýär. Häkimiýetler bolsa, bolup geçýän wakalara aktiwistlere repressiýa we azar bermek bilen jogap berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG