Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Isakow Aşgabada iberildi


Türkmen aktiwisti Azat Isakow
Türkmen aktiwisti Azat Isakow

Russiýada ýitirim bolup, soňra-da doly aýdyň bolmadyk ýagdaýda Türkmenistana görnüşinden “meýletin” gidendigi aýdylan türkmen aktiwisti Azat Isakowyň Aşgabada iberilendigi mälim boldy. Bu barada ýerli polisiýa işgärlerine salgylanyp habar berýän habarçylarymyz, türkmen häkimiýetiniň tankytçysy Isakowyň ilki Türkmenabada gondurylandygyny, şol ýerde ençeme sagatlap polisiýanyň edarasynda saklanandygyny hem anyklamagy başardylar. Hukuk toparlary we Isakowyň egindeşleri onuň Türkmenistanda gynamalara duçar bolup biljekdigini, hatda ýitirim edilmek howpunyň hem bardygyny duýdurýarlar.

Ýatlatsak, türkmen režimini we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny açyk tankytlan 37 ýaşly Isakow 20-nji oktýabrda Russiýada ýitirim bolupdy. 9-njy noýabrda Russiýanyň Içeri işler ministrligi Isakowyň Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden Türkmenabat şäherine uçandygyny aýdyp, aktiwistiň gözlegini guramak üçin Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmagy teklip edipdi.

Emma Isakowyň egindeşleri we adam hukuklaryny goraýjy toparlar Türkmenistanyň 2020-nji ýylda pandemiýanyň başynda halkara uçar gatnawlaryny togtadaly bäri ýurda adaty uçarlar arkaly baryp bolmaýandygyna, şeýle-de Isakowyň türkmen pasportyny ýitirendigi sebäpli, elinde degişli dokumentleriniň bolmandygyna hem ünsi çekip, onuň Türkmenistana bikanun ýagdaýda ekstradisiýa edilendigini bellediler.

“Isakow 22-nji oktýabrda irden uçar bilen Moskwadan Türkmenabadyň aeroportuna gondy. Ýolagçy uçarlary togtadylsa-da, her hepdäniň penşenbe güni Türkmenabat-Moskwa we Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça kargo, ýagny ýük uçarlary bar. Ol şol uçarlaryň biri bilen getirildi” diýip, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmeleriniň biri 16-njy noýabrda gürrüň berdi.

Galyberse-de, ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny inkär edýän türkmen häkimiýetleriniň girizen çäklendiriji düzgünlerine laýyklykda, daşary ýurtlardan gelýän ähli uçarlar Türkmenabadyň aeroportunda gondurylýar we ýolagçylaryň ählisi Lebabyň administratiw merkezinde esaslandyrylan karantin zolaklarynda 21 gün möhlet bilen saklanylýar.

Emma Isakowyň Türkmenabadyň aeroportundan dessine ýerli polisiýa edarasyna äkidilendigi belli boldy.

“Isakowy Türkmenabadyň polisiýa müdirliginde alty sagat çemesi saklap, şol gün öýlän kanun goraýjylaryň gözegçiliginde Aşgabada ugratdylar” diýip, Azatlygyň polisiýadaky çeşmeleriniň biri 15-nji noýabrda gizlinlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmen aktiwisti Isakowyň soňky ykbaly barada häzirlikçe ygtybarly, tassyklanan maglumaty almak başartmaýar. Azatlyk Radiosy onuň ýagdaýyny yzarlamagy we goşmaça maglumat almak synanyşyklaryny dowam etdirer. Galyberse-de, Türkmenistanyň kanun goraýjy edarlary Azatlygyň Isakowyň ýagdaýy baradaky soraglaryna häzirki güne çenli jogap bermekden ýüz öwrüp gelýärler.

Azat Isakow 2019-njy ýyldan bäri türkmenleriň protest hereketine işjeň gatnaşyp, ol 2020-nji ýylyň maýyndan bäri Internet kanallarynda Türkmenistanyň häkimiýetlerini açyk tankytlap başlady.

Resmi däl maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň iýunynda Isakow Türkmenistanda gözlenýänleriň sanawyna girizilipdir, onuň "Watan dönügi" ýazgyly suraty hem polisiýa bölüminde asylypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň, şol sanda “Memorial” we “Türkmen Helsinki fondy” guramalarynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri aktiwistiň Türkmenistandaky garyndaşlaryndan onuň onlaýn çykyşlaryny bes etmegini birnäçe gezek talap edipdir, ýogsa-da "tapylar we jezalandyrylar" diýip haýbat atypdyrlar. 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda ene-atasynyň öýünde ýaşaýan ähli garyndaşlarynyň telefonlary barlag üçin ele salnypdyr.

Açlyk, işsizlik, koronawirusdan ölümiň köpelmegi ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ykrar edilmezligi ýurtda nägileligi artdyrýar we daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň garşylyk hereketini güýçlendirýär. Häkimiýetler bolsa, bolup geçýän wakalara aktiwistlere repressiýa we azar bermek bilen jogap berýärler.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän graždan aktiwistleri we oppozisiýa agzalary soňky aýlarda güýçli basyşa, yzarlamalara, hüjümlere sezewar bolýarlar. Olaryň ençemesine tussag bolmak we Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň öz raýatlarynyň kanuny hukuklaryny depeläp, graždan jemgyýetine edýän basyşlaryny ýazgarýarlar we Türkmenistanda raýat aktiwistleriniň gynamalara sezewar bolmak howpy barada ýatladýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG