Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet türkmen aktiwisti Azat Isakowyň 'meýletin' Türkmenistana gidendigini aýdypdyr


Azat Isakow

Orsýetiň Içeri işler ministrligi 2021-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan bäri aragatnaşyk saklamaýan 37 ýaşly türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň nirededigini aýan etmek baradaky ýazmaça haýyşa jogap beripdir.

Bu barada habar berýän "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň 10-njy noýabrda çap eden maglumatyna görä, gözleg işlerini guramak bölüminiň müdiriniň orunbasary Mihail Karpunin resmi hatynda 22-nji oktýabrda aktiwistiň Moskwanyň Domodedowo howa menzilinden Türkmenabat şäherine uçandygyny aýdyp, aktiwistiň gözlegini guramak üçin Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutmagy teklip edipdir.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Gözleg işlerini guramak boýunça bölüminiň müdiriniň orunbasary Mihail Karpunin resmi hatynyň nusgasy.
Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Gözleg işlerini guramak boýunça bölüminiň müdiriniň orunbasary Mihail Karpunin resmi hatynyň nusgasy.

Neşir bu resmi hatyň nugasyny çap etdi.

Moskwanyň eteginde ýaşaýan türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakow 20-nji oktýabrda Orsýetde ýitirim boldy. Bu barada 2-nji noýabrda habar beren “Türkmenistanyň Hronikasy” 37 ýaşly Isakowyň habarlaşan “Türkmeniýa, obýedenýaýemsa” (“Türkmenistan, birleşiň”) atly oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysy Çemen Öräniň sözlerine salgylandy.

Maglumata görä, telefon jaňlaryna jogap bermegini bes etmeginiň öňýany, Isakow Çemen Örä “Polisiýa geldi. Eger-de tapsalar, meni äkitmekleri mümkin. Men gizlendim” diýip ýazgy ugradypdyr. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri mundan öň türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň Isakowa we onuň Türkmenistandaky ýakynlaryna haýbat atypdyr.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň belleýşji ýaly Orsýetiň kanun goraýjy resmisiniň hatyna görä, Azat Isakowyň Türkmenistana gitmegi resmi taýdan ÝHHG-niň karary bilen togtadylyp bilinjek deportasiýa däl-de, eýsem “meýletin” uçmak karary bolup görünýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň 2020-nji ýylda pandemiýanyň başynda halkara uçar gatnawlaryny togtadaly bäri ýurtda adaty uçarly baryp bolmaýar.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän graždan aktiwistleri we oppozisiýa agzalary soňky aýlarda güýçli basyşa, yzarlamalara, hüjümlere sezewar bolýar. Olaryň ençemesine tussag bolmak we Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy abanýar. Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň öz raýatlarynyň kanuny hukuklaryny depeläp, graždan jemgyýetine edýän basyşlaryny ýazgarýarlar we Türkmenistanda raýat aktiwistleriniň gynamalara sezewar bolmak howpy barada ýatladýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG