Ýedi hepde bäri açlyk yglan eden tussaglykdaky öňki gürji prezidenti Mihaýil Saakaşwili gysga möhletli huşuny ýitirdi diýip, onuň aklawçysy aýtdy.
Aklawçy Beka Basilaia 18-nji noýabrda özüniň türme keselhanasyna baryp göreninde Saakaşwiliniň huşuny ýitirendigini aýtdy.
Jeza beriş edarasy soňra beýanat çap edip, Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy.
Bir gün ozal, Jemgyýetçilik aklawçy guramasy tarapyndan döredilen saglyk topary Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýynyň “agyrdygyny”, hem-de onuň kadaly bejergi üçin türme keselhanasyndan raýat keselhanasynyň intensiw bölümine geçirilmelidigini maslahat berdi.
Hökümet Saakaşwiliniň kanagatlanarly saglyk bejergisini alýandygyny, hem-de onuň protest geçirýän tarapdarlarynyň raýat keselhanasyna hüjüm etmeginiň mümkindigini aýdyp, onuň türme keselhanasyndan çykarylmagyny ret etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti Saakaşwiliniň ýagdaýyny ýakyndan yzarlaýandygyny aýdyp, beýanat çap etdi.
Ýerli saýlawlaryň öňüsyrasynda oppozisiýa kampaniýalaryny geçirmek üçin, sekiz ýyl arakesmeden soň, ýurda dolanan Saakaşwili 1-nji oktýabrda tussag edildi. Ol soňra açlyk yglan etdi.