Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Merkezi Aziýadaky hukuk kemsitmelerine ünsi çekmäge çagyryldy


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell

Human Rights Watch Ýewropa Bileleşigini Merkezi Aziýa hökümetleriniň ynsan hukuklaryny bozmagy bes etmegi we manyly reformalary durmuşa geçirmekleri üçin basyş etmäge çagyrdy. Bu çagyryş uruşdan ejir çeken Owganystanda awgustyň ortalarynda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmeginiň yzysüre ýurtda dörän krizisiň gün tertibe alynýan wagtyna gabat gelýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 22-nji noýabrda täjik paýtagty Duşenbede geçiriljek ÝB – Merkezi Aziýa ýygnagynyň öňüsyrasynda beýanat berdi. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Duşenbede geçiriljek ýygnakda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşar.

“Käbir Merkezi Aziýa ýurtlary Owganystanda emele gelen krizise global jogap gaýtarylmagynda möhüm rol oýnaýar, ýöne içerki ynsan hukuklary boýunça aladalar hem möhüm” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hýu Williamson aýtdy.

Owgan krizisi “sebite täze töwekgelçilikleri abandyrýar, bu meselelere seredilende ynsan hukuklary we kanunyň rüstemligi möhümdir” diýip, ol aýtdy.

ÝB 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýa kabul etdi we sebitde ynsan hukuklarynyň goralmagy babatynda maksatlary kesgitledi.

Muňa garamazdan, soňky aýlarda ÝB-niň hem-de käbir Ýewropa hökümetleriniň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynda howpsuzlyk we migrasiýa meseleleri agdyklyk etdi diýip, HRW aýtdy.

Bu, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly ýurtlarda reforma wadalarynyň säginýän ýa-da yza tesýän wagtlaryna gabat gelýär. Täjigistanda we Türkmenistanda bolsa ynsan hukuklarynyň repressiw ýagdaýy ýaramazlaşmaga dowam etdi diýip, topar aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG