Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri dekabrda Brýusselde duşuşarlar


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan (öňdäki planda) we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew GDA döwletleriniň Aşgabatda geçen sammitinde. Oktýabr, 2019 ý.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew we Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan serhetdäki çaknyşyklary maslahat etmek, şeýle-de diplomatiki tagallalary ilerletmek üçin, öňümizdäki aý Brýusselde duşuşarlar. Bu barada Ýewropa Bileleşigi mälim etdi.

“Liderler Brýusselde duşuşyp, regional ýagdaýy, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň hem goldaýan, Günorta Kawkazda abadançylygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy üçin bar bolan dartgynlylyklary aradan aýyrmagyň ýollaryny maslahat etmäge razy boldular” diýip, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişeliň metbugat wekili 19-njy noýabrda beýanat bilen çykyş etdi.

Maslahat 15-nji dekabrda, ÝB-niň Gündogar Hyzmatdaşlyk boýunça Brýusselde geçjek sammitiniň çäklerinde amala aşyrylar.

Bu beýanatyň öňýany Mişel Alyýew we Paşiniýan bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

“Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Ermenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri mümkin hadysalaryň öňüni almak maksady bilen, goranmak ministrleri derejesindäki göni aragatnaşyk liniýasyny esaslandyrmak boýunça hem ylalaşdylar” diýip, ÝB belledi.

Bu geçen ýyl Daglyk-Garabag sebiti üstünde turan 44 günlük uruşdan soň, Azerbaýjan we Ermenistan liderleriniň ýüzbe-ýüz geçirjek üçünji duşuşygy bolar. Russiýanyň araçylyk etmeginde gelnen ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşykdan öň, konfliktde müňlerçe adam heläk bolupdy.

Iki lideriň mundan ozalky duşuşyklary Moskwada geçirilip, olara prezident Wladimir Putin hem gatnaşypdy.

Şu hepde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň serhedinde ýene-de çaknyşyklar ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG