Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň ozalky prezidenti Saakaşwili 50 günlük açlygyny bes edýär


19-njy noýabrda Tbiliside Saakaşwiliniň goldawyna protest geçirildi
19-njy noýabrda Tbiliside Saakaşwiliniň goldawyna protest geçirildi

Gürjüstanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwili harby keselhana geçirildi we özüniň 50 günlük açlygyny bes etdi diýip, onuň aklawçysy we lukmany mälim etdiler.

Saakaşwiliniň saglyk ýagdaýy baradaky aladalaryň artmagy bilen, ol 19-njy noýabrda türme keselhanasyndan Gori şäherindäki harby hassahana geçirildi.

Mundan öň, 53 ýaşly Saakaşwiliniň aklawçysy öz müşderisiniň eger-de harby keselhana geçirilse, onda açlygyny bes etmäge razy bolandygyny aýtdy.

“Saakaşwili Goridäki harby hassahana geçirilmegine razylyk berdi. Ol keselhana ýerleşdirilen dessine, açlyk çekmegini bes eder” diýip, Nika Gwarma aýtdy.

Saakaşwiliniň şahsy lukmany Nokoloz Kipşidze onuň harby keselhananyň intensiw bejeriş bölümine getirilmeginiň yzýany, birnäçe barlagyň geçirilendigini mälim etdi. Ol ozalky prezidentiň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny, şol bir wagtda agyr bolmagynda galýandygyny belledi.

Mundan bir gün öň, Saakaşwili türme keselhanasynda aklawçysy bilen duşuşan mahaly huşundan gidipdi. Ol türme hassahanasyna mundan 10 gün töweregi ozal geçirildi.

Jemgyýetçilik gorag edarasy tarapyndan esaslandyrylan saglyk paneliniň maglumatyna görä, Saakaşwili böwregindäki näsazlyklardan we newrologiýa meselelerinden ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG