Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk toparlary: ÝB Merkezi Aziýa döwletlerinden tankytçylary yzarlamagy bes etmegini talap etmeli


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel (arhiw suraty)
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel (arhiw suraty)

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar Ýewropa Geňeşiniň resmileriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleri bilen geçirmeli duşuşygynyň öňýany, sebitiň ýurtlaryndaky adam hukuklarynyň depelenmegi boýunça hasabat taýýarladylar. Bu barada hasabatyň awtorlarynyň biri Adam hukuklary boýunça türkmen inisatiwasy 19-njy noýabrda habar berdi.

Bellesek, 22-nji noýabrda Täjigistanda geçjek maslahata Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel hem gatnaşar. Maslahatyň dowamynda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi boýunça hyzmatdaşlyk, kanunyň we demokratiki dolandyryşyň hökmürowanlygy boýunça hem pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk, Adam hukuklary we kanunyň berjaý edilmegi boýunça Gazagystanyň halkara býurosy, “Legal Prosperity” jemgyýetçilik fondy, Adam hukuklary boýunça türkmen inisatiwasy we Merkezi Aziýadaky adam hukuklary boýunça assosasiýasy tarapyndan döredilen koalisiýa ÝB resmilerinden bu duşuşykdan peýdalanyp, ýerli hökümetleriň adam hukuklary babatynda anyk çärleri görmegi ugrunda tagalla edip başlamaklaryny gazanmaga çagyrdy.

Bäş hukuk toparyndan ybarat koalisýa Merkezi Aziýa döwletlerinde tankytçylaryň dyngysyz yzarlanmagy, syýasy äheňli tussag etmeler, söz azatlygynyň we maglumat elýeterliliginiň giňden çäklendirilmegi, şeýle-de raýat jemgyýetine edilýän repressiýalar ýaly ýagdaýlara üns çekdiler.

Mundan başga-da, bilelikdäki hasabatda hukuk goraýjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň esasy azatlyklary çäklendirmegini dowam etdirýändiklerini, COVID-19-yň netijelerini aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, ykdysady we sosial meseleleri tankytlaýanlara we bu ugurda hasabat soraýanlara berk çäre görülýändigini hem belläp geçdiler.

Hasabatyň Türkmenistan böleginde ýurduň hem içinde, hem-de daşynda dissidentlerine garşy güýçlenýän repressiýalar barada gürrüň edilýär. Munuň türkmen hökümetiniň sosial torlarda we daşary ýurtlarda ýaşaýan migrantlaryň arasynda hökümete garşy çykyşlaryň artyp başlamagyna jogap hökmünde edýändigi nygtalýar.

Açlyk, işsizlik, koronawirusdan ölümiň köpelmegi ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleleriň Türkmenistanyň ýolbaşçylary tarapyndan ykrar edilmezligi ýurtda nägileligi artdyrýar we daşary ýurtly türkmen raýatlarynyň garşylyk hereketini güýçlendirýär. Häkimiýetler bolsa, bolup geçýän wakalara aktiwistlere repressiýa we azar bermek bilen jogap berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG