Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Stambulda aktiwistleri ýenjenler Türkmenistanyň MHM işgärleri


Nurmuhammet Annaýew we Aziz Mämmedow özlerine Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň hüjüm edendigine ynanýarlar

Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Stambulda, Türkmenistandan bolmagy çak edilýän näbelli bäş adam üç türkmen aktiwistini urup-ýenjipdi. Hüjüm edenler Stambulyň Kadiköý etrabynyň Sogutluçesme köçesinde, "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň ofisiniň golaýynda, aktiwistlere garaşypdylar. Hüjümden birnäçe aý öň, Azatlygyň çeşmeleri ýakyn wagtda Türkiýedäki aktiwistlere "fiziki basyş" ediljekdigi barada habar berdiler. Aktiwistler hüjümçileriň türkmen migrantlaryna meňzemeýändiklerine garamazdan, türkmençe gürleşendiklerini Azatlyga mälim etdiler, bu bolsa onuň arkasynda Türkmenistanyň ýörite gullugynyň durýandygy barada şübhe döretdi. Azatlygyň Stambuldaky we Aşgabatdaky çeşmeleri aktiwistleriň şübheleriniň esaslydygyny görkezýän maglumatlary berdi.

Türkmen aktiwistlerine edilen hüjümden birnäçe gün soň, 16-njy oktýabrda ýerli wagt bilen agşam sagat 21:40-da, Stambulyň halkara howa menzilinden, bort belgisi EZ-A779 bolan Türkmenhowaýollarynyň Boeing 777-22 uçary ýola çykdy. T5486 belgili ugur ýük reýsidi. Uçar ýükden başga-da, 20-ä golaý türkmen raýatyny alyp gitdi, olar esasan türkmen-türk bileleşigindäki kärhanalaryň işgärleridi. Olardan bäşisi, Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri bolmaly.

T5486 reýsiniň VIP-ýolagçylary

Bu 11-nji oktýabrda bolup geçen wakalardan, ýagny bäş sany näbelli adamyň üç türkmen aktiwisti Aziz Mämmedowa, Nurmuhammet Annaýewe hem-de Bagtyýar Gurbanowa edilen hüjümden soň, Stambuldan Türkmenistana uçan ilkinji reýsdi.

Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky we Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, 16-njy oktýabrda Türkiýeden Türkmenistana uçýanlardan bäş sanysy türkmen aktiwistleriniň ýenjilmegine gös-göni gatnaşygy bolan MHM-niň operatiwnikleri bolmaly.

Nurmuhammet Annaýew gözegçilik kameralaryndan düşürilen wideo klipi Azatlyk Radiosyna berdi, ol ýerde hüjümden birnäçe minut öň, aktiwistleri kowalap ýören pursat görkezilýär. Annaýewiň aýtmagyna görä, hüjüm edenler bäş adam bolmaly, olardan dördüsiniň şekili 30 sekundlyk wideoda galypdyr. Üçüsi gara eşikli, kellelerinde gara beýsbol kepkasy bar, ýüzleri medisina maskaly. Olardan biri, görnüşinden, operatiw toparyň ýolbaşçysy bolmaly, onuň ýüzünde maska ýok, egni ak futbolkaly, ýaşyl sport penjekli, goňras ýaşyl jalbarly. Azatlygyň çeşmesi, Flightradar serwisiniň maglumatyna laýyklykda, 17-nji oktýabrda ýerli wagt bilen daňdan 3:20 töweregi Türkmenabat şäherine T5486 reýsi bilen gelen uçaryň ýolagçylaryň arasyndan, hut şony hem tanapdyr. Beýleki üçüsini tanap bilmändir, ýogsa olar hem dik boýly hem sagdyn bedenli görnüpdiler.

Wideoda hüjümçileriň dördüsiniň aktiwistleri yzarlaýandygyny görse bolýar (wideony Nurmuhammet Annaýew hödürledi)

“Bäşisiniň hem boýy 180-185 santimetr bolan, sportçylara çalymdaşdy. Bäşisi-de gara papakly hem gara geýimlidi" diýip, Türkmenistanyň MHM-niň operatiwnikleri diýlip çak edilýänleri Stambuldan Türkmenabat şäherine uçmazdan ozal gören bir çeşme aýdýar.

Wideoýazgyda bolanlardan bir adamy tanadýan Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi hem aktiwistleriniň ýenjilmegine gatnaşandyr diýlip çaklanýan bäş adamyň 17-nji oktýabrda Türkmenabat şäherine gelendigini tassyklady.

“Şol gün olar dessine Aşgabada gitdiler. Bellemeli tarapy, Türkmenistana gelýänleriň hemmesiniň, şol sanda resmileriň hem üç hepdelik karantinden geçmelidigi hökmany. Mysal üçin, geçen tomus Moskwadan gaýdyp geleninde, hatda Goranmak ministri (Begenç Gündogdyýew) hem karantinde boldy. Ýöne ol talap MHM-niň operatiw gullukçylaryna degişli bolmady, ähtimal, bu maglumatlaryň syzmagynyň öňüni almak çäresi bilen baglanyşyklydyr" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Çeşmeleriň bortunda Türkmenistanyň MHM işgärleriniň bolandygyny aýdýan T5486 reýsi Türkmenabatda ýerli wagt bilen irden 3:21-de gondy (Flightradar-yň maglumaty)
Çeşmeleriň bortunda Türkmenistanyň MHM işgärleriniň bolandygyny aýdýan T5486 reýsi Türkmenabatda ýerli wagt bilen irden 3:21-de gondy (Flightradar-yň maglumaty)

Onuň tassyklamagyna görä, MHM-niň bäş işgäri awgust aýynyň ahyrynda ýa-da sentýabryň başynda Stambula gidipdir. Ýöne ol takyk senäni aýdyp bilmedi.

Öz howpsuzlygyndan ätiýaç edip, çeşmeler Azatlyk bilen öz iş ýerleriniň görnüşini aýan etmezlik şerti bilen gürleşmäge razy boldular. Ýöne bellemeli tarapy, ozal hem ygtybarly maglumat beren Aşgabatdaky bir çeşme Azatlygyň habarçysyna özi çykyp, MHM işgärleriniň Stambulda raýat aktiwistlerini urup-ýençmek çäresine gatnaşmagynyň çaklanýandygyny mälim edipdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginden, bölümiň bäş işgäriniň Stambulda edýän işleri barada düşündiriş almak üçin eden köp synanyşyklary şowsuz boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyndan teswir almak mümkin bolmady.

Ogurlanan açarlar nädip Türkmenistanda peýda boldy

Bu material taýýarlananda, hüjüm edenleriň Türkmenistana gaýdyp barandygyny görkezýän başga bir zat bolup geçdi. Rehimsiz urulmagyň pidalaryndan biri Nurmuhammet Annaýew bilen 30-njy oktýabrda Türkmenistandaky “YouTube” blogçysy Şatlyk Şyhyýew habarlaşyp, hüjüm wagtynda ogurlanan şahsy zatlarynyň onuň ýanyndadygyny aýdypdyr.

Ýatlatsak, aktiwistleri ýenjendigi çak edilýän MHM gullukçylary Nurmuhammet Annaýewden içinde dokumentleri, telefony, öýüniň hem-de "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň ofisiniň açarlary bolan sumkany zor bilen alypdylar.

Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, Annaýewiň aýtmagyna görä, daşardaky türkmen aktiwistlerine garşy töhmetçilikli çykyşlary bilen tanalýan Şyhyýew öz aýdanlaryny subut etmek üçin, ogurlanan açarlaryň suratyny iberipdir. Annaýew suratdaky açarlaryň hakykatdanam özüniňkidigini aýdýar. Ýöne hiç haçan olary surata düşürmändigini, şonuň üçin suraty şol açarlar kimde bolsa diňe şonuň iberip biljekdigini düşündirýär.

“Blogçy Şatlyk Şyhyýew türkmen häkimiýetleriniň gykylykçysy hökmünde tanalýar. Ol Telegram arkaly meniň bilen habarlaşdy hem şol suraty iberdi. Onda meniň açarlarym bar eken. Ol: "Tanaýaňmy?" diýip sorady. Hawa diýdim, sumka bilen birlikde ogurlanan açarlarym. Ol: "Seniň başga zatlaryň hem meniň ýanymda, munuň nämäni aňladýandygyna, belki, düşünýänsiň" diýýär.

Annaýewiň telefonyndaky Telegram messenjeriniň suraty. Onda Şyhyýew ogurlanan açarlaryň suratyny ugratdy
Annaýewiň telefonyndaky Telegram messenjeriniň suraty. Onda Şyhyýew ogurlanan açarlaryň suratyny ugratdy

Azatlyk Şatlyk Şyhyýew bilen habarlaşmagy başardy, Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden gaça durýandygyna garamazdan, ol açarlaryň dogurdanam özündedigini tassyklady.

“Hawa, men (açarlaryň) suratyny iberdim. Ýöne nädip iberendigimi, (suraty) nireden alandygymy aýtjak däl. Munuň üçin, goý, ol (Annaýew) kellesini döwsün. Eger ol meni suda bermek islese, goý kazyýete ýüz tutsun" diýip, Şyhyýew mälim etdi.

Azatlyk ondan Stambulda ogurlanan zatlaryň Türkmenistana nädip baryp ýetmegini soranda, “aktiwistlere garşy göreşiji” blogçy:

“Geliň, men size şeýle diýeýin, belki, ol açarlar ogurlanan däldir, a men alandyryn. Belki-de, ol açarlary maňa sowgat hökmünde berendirler. Belki, men ony buýrandyryn. Ine, size sapagyň üç ujy, haýsyny halasaňyz, şony-da tutuň "diýip teklip etdi hem-de türkmen aktiwistlerini "ýigrenýändigi" sebäpli muny edýändigini aýtdy.

Özüni "garaşsyz blogçy" diýip atlandyrýan orta aralykdaky YouTube trolleriniň başga bir ýurtda ýerleşýän oppozisiýa aktiwistlerine hüjüm edip biljekdigini çaklamak kyn. Ýöne aktiwistlere hüjüm edenler we sumkany ogurlanlar açarlary oňa berip bilerler, Şyhyýewiň aýdyşy ýaly "tutulyp bilinjek" sapak şol bolup biler.

Mundan daşary-da, Şyhyýewiň “YouTube” kanalyndaky wideolaryň köpüsiniň, özüniň aýdyşy ýaly, diňe “öz watanyna bolan söýgi” tarapyndan döredilen wideolardan başga-da, Türkmenistanyň häzirki şertlerinde onuň hemme ýerde bolmagy geň galdyryjydyr. Sebitleriň arasyndaky hereket eýýäm bir ýarym ýyl bäri ýapyk bolan ýurtda, ol Türkmenistanyň dürli künjeklerinde peýda bolýar we wideo düşürýär.

Şatlyk Şyhyýew türkmen aktiwistlerine garşy edýän töhmetçilikli çykyşlary bilen belli
Şatlyk Şyhyýew türkmen aktiwistlerine garşy edýän töhmetçilikli çykyşlary bilen belli

Şeýlelik bilen ol awgust aýynda Lebap welaýatynda bolup, başga bir türkmen aktiwisti Farhad Durdyýewiň ene-atasynyň öýüne baryp gördi. Ondan birki hepde öň, 1-nji awgustda, demonstrasiýalaryň birinde Durdyýew aldaw ýoly bilen Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna äkidilip, birnäçe sagatlap tussag edildi hem urlup-ýenjildi. Aktiwistiň Lebapdaky ene-atasynyň salgysyny Şyhyýewiň nireden alany belli däl, ol nädip Durdyýewiň ejesi bilen gürleşmegi başardy hem bularyň barysyny wideosyna düşürdi? Ol ýerde bir aýal aglap, aktiwist oglundan öz işini bes etmegi soraýar. Aýratyn bellemeli tarapy – muny aýtmaga "hiç kim ony mejbur etmändir".

Türkmen ýörite gulluklary Stambulda özlerini öýlerinde ýaly alyp barýarlar

Azatlygyň çeşmelerinden biri awgust aýynda, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň türkmen raýat aktiwistlerine fiziki zorluk ulanmak ýaly dürli prowokasiýalary taýýarlaýandygyny habar berdi, muny Azatlyk beýleki bir çeşmeden diňe sentýabryň ahyrynda tassykladyp bildi. Maglumata görä, Aşgabat Ankaradan, Türkiýedäki türkmen protest hereketiniň iň işjeň wekillerine garşy aýgytly çäreleri görmegi talap edipdir. Munuň öwezine Türki Geňeşe goşulmaga razylyk beripdi.

Çeşmeleriň habar bermegine görä, türkmen oppozisiýasyna edilýän basyşy artdyrmak meselesiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat edilendigine garamazdan, Türkmenistanyň ýörite gullugynyň Stambulyň merkezinde hüjüm guramagy, goý, ol öz raýatlaryna bolsun, olaryň muňa rugsady barmydy, bu sorag astynda galýar.

Türkiýäniň Daşary işler we Içeri işler ministrliklerinden, haýsydyr bir teswir almak mümkin bolmady.

Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleri Türkiýede öz şahsy islegleri bilen zorlukly jenaýatlary etmek üçin gelen bolsalar, olaryň bu hereketini üç ýyl mundan ozalky Saud Arabystanynyň hereketleri bilen deňeşdirip bolar. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda 15 adamdan ybarat ýörite jenaýat topary Saud Arabystanynyň dissident-žurnalisti Jamal Haşoggi rehimsizlik bilen ýok edipdi.

Aziz Mämmedowyň gözüne şikes ýetdi we burny döwüldi
Aziz Mämmedowyň gözüne şikes ýetdi we burny döwüldi

Urlup-ýenjilmegine garamazdan, türkmen aktiwistleriniň bagtyna adam pidasy bolmady, olar agyr ten ýarasyny aldylar. Aziz Mämmedowyň gözüne şikes ýetdi we burny döwüldi; Bagtyýar Gurbanowyň ýeňsesi döwüldi hem güýçli urgudan ýaňa betonyň üstüne ýykylyp, beýnisine sarsgyn indi, oňa ýadynyň bölekleýin ýitmegine diagnoz goýdular. Nurmuhammet Annaýew hem elinden şikes aldy.

Annaýewiň sözüne görä, ol hüjüm bilen baglanyşykly işi Stambulyň Kadiköý polisiýa bölümi derňeýär. Ýöne olar pida çekenler bilen sowuk aragatnaşyk saklaýarlar hem ygtybarly bolmadyk maglumatlary berýärler.

“Iki gün geçensoň, hamana, bize hüjüm etmekde güman edilip saklanan iki adamy görkezdiler. Emma biz olary tanap bilmedik. Aradan birnäçe gün geçirip, nähilidir bir deliliň bardygyny bilmek üçin, polisiýa bölümine bardym. Olar maňa ol saklanan iki adamyň eýýäm kazyýete çykarylandygyny we iş kesilendigini aýtdylar. Men pida çekenler gatnaşmazdan, kazyýet işiniň nähili geçendigini soradym. Olar maňa bizi ýakyn wagtda çagyrjakdyklaryny aýtdylar” diýip, Annaýew gürrüň berýär.

Türkmen aktiwistlerine edilen hüjümden dogry bir aý geçensoň, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin, Stambula geldi. Türkmenistan ilkinji gezek bu sammite synçy statusynda gatnaşdy.

Türkmenistanda dowam edýän açlyk, işsizlik ýaly aç-açan agyrlaşan sosial-ykdysady meseleler hem ýurduň içinde, hem-de daşynda adamlaryň nägileligini artdyrdy. Režim ýurduň öz içindäki hökümete garşy garaýyşlary gysga wagtyň içinde ýatyryp biler. Şol sebäpli, häkimiýetler, watanynda režimiň repressiýalaryna duçar bolman, degişlilikde has azat hereket edip bilýän Türkiýedäki ýüzlerçe müň migrantyň arasyndaky raýat aktiwliginiň artyp başlamagyndan aýratyn alada galýarlar. Hut şu sebäpli Türkmenistanyň MHM-si Stambuldaky operasiýa baş goşan bolmagy mümkin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG