Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da ulagyň märekä baryp urmagy netijesinde bäş adam öldi, 40-a golaýy ýaralandy


Polisiýa Waukeşa şäherinde ulagy märekäniň üstüne sürmekde güman edilýäniň tussag astyna alnandygy aýtdy.
Polisiýa Waukeşa şäherinde ulagy märekäniň üstüne sürmekde güman edilýäniň tussag astyna alnandygy aýtdy.

ABŞ-nyň Wiskonsin ştatynda bir ulagyň Roždestwo mynasybetli geçirilen parada baryp urmagy netijesinde bäş adam öldi, başga-da azyndan 40-a golaýy ýaralandy. Bu barada maglumat berýän polisiýa adam ýitgileriniň has köp bolmagynyň mümkindigini hem duýdurýar.

Ýerli polisiýa başlygy Waukeşa şäherinde ulagy märekäniň üstüne sürmekde güman edilýäniň tussag astyna alnandygy aýtdy.

“Häzirki pursat biz bäş adamyň ölendigini, başga-da 40-den aşa adamyň ýaralanandygyny tassyklap bilýäris. Emma goşmaça maglumatlaryň gelmegi bilen, bu sanlaryň üýtgemegi mümkin. Sebäbi adamlaryň köpüsi öz ulaglary bilen keselhanalara aşdylar” diýip, Waukeşanyň Polisiýa bölümi özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

Polisiýa ýagdaýlaryň “heniz hem durnuksyzdygyny, şeýle-de derňew işleriniň dowam etdirilýändigini” belledi.

Ýerli polisiýa başlygy munuň “terrorizm bilen ilteşiginiň bardygy ýa ýokdugy” entek doly aýdyň däldigini hem sözüne goşdy.

Prezident Jo Baýdene hadysa barada maglumat berildi diýip, Ak Tam mälim etdi.

XS
SM
MD
LG