Bolgariýanyň günbatarynda bir awtobusyň ýol heläkçiligine uçrap, oda tutaşmagy netijesinde azyndan 46 adam, esasan hem Demirgazyk Makedoniýadan gelen syýahatçylar heläk boldy.
Ýerli polisiýa resmileri ölenleriň arasynda 12 çaganyň hem bardygyny mälim etdiler.
Heläkçilikde ýaralanan ýedi adam dessine paýtagt Sofiýadaky keselhanalara äkidildi.
Aşgabat wagty bilen ir sagat 5-de Bosnek obasynyň golaýynda ýüze çykan heläkçiligiň sebäpleri häzirlikçe aýdyň däl.
Awtobus Stambuldan Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe tarap hereket edýärdi.
“Munuň tehniki näsazlyk ýa-da tekerleriň sandan çykmagy sebäpli ýüze çykan bolmagy mümkin” diýip, ýangyn howpsuzlygy we ilatyň goragy boýunça baş direktoratyň başlygy Nikolaý Nikolow ýerli habar serişdelerine aýtdy.
Nikolow awtobusyň agmazyndan öňürti ýangyna tutaşan bolmagynyň ähtimaldygyny hem belledi.
Ýol heläkçiliginden soň ýoluň iki tarapy boýunça hem hereket togtadyldy.
Bolgariýanyň premýer-ministri Stefan Ýanew hadysanyň ýüze çykan sebitine sapar etdi diýip, hökümetiň metbugat edarasy mälim etdi.
Skopýedäki media serişdeleri Demirgazyk Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýewiň hem hadysanyň ýüze çykan ýerine ugrandygyny habar berdiler.