Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň prezidenti, maýa çekmek üçin, Türkmenistana sapar eder


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent. 5-nji oktýabr, 2021 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent. 5-nji oktýabr, 2021 ý.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gelýän bazar gününde Türkmenistana sapar etjekdigini, munuň sebäbiniň sermaýa gözlemek bilen baglydygyny aýtdy.

“Dynç güni Aşgabada, soňra Gazagystana, soňra Koreýa gideris. Näme üçin? Sebäbi maýa goýujylary ýurdumyzda açylýan mümkinçiliklere çalt çekmeli. Maýa goýumçylary üçin çalt şert döretmeli” diýip, Kun.uz neşiri özbek lideriniň sözlerini sitirledi.

Ş. Mirzoýoýew häkimiýet başyna gelelei bäri Türkmenistana ýygy-ýygydan sapar edýär we ol golaýda, noýabryň başynda öz türkmen kärdeşi bilen Stambulda, Türki geňeşiň mejlisiniň çäginde hem duşuşdy.

Iki lider awgustda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Türkmenistanda geçirilen üçünji geňeş maslahatynda duşuşdy we türkmen prezidenti oktýabr aýynda Özbegistana resmi sapar etdi.

Özbek prezidenti ikinji möhlete saýlanandan soň, daşary ýurt saparlarynyň başyny 19-njy noýabrda Orsýetden başlady we Kremlde rus prezidenti Wladimir Putin bilen özbek-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek barada maslahat etdi.

XS
SM
MD
LG