Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary boýunça 23 dokumente gol goýuldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew. Daşkent. 5-nji oktýabr, 2021 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-5-nji oktýabr aralygynda Özbegistana amal eden resmi saparynyň çäklerinde transport, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, aragatnaşyk ulgamlary, bilim we medeniýet ýaly pudaklary hem öz içine alýan ikitaraplaýyn 23 resminama gol goýuldy, Owganystandaky ýagdaýlar maslahat edildi. Mundan başga-da, Berdimuhamedow Özbegistanda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşdy, şeýle-de ýurduň ozalky awtoritar lideri Yslam Kerimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Özbek prezidentiniň metbugat edarasynyň maglumatyna görä, bilelikdäki gol goýlan dokumentleriň arasynda işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek baradaky ylalaşyk we 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky raýatlaryň özara syýahatlary baradaky Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek baradaky teswirnama hem bar.

Özbek tarapynyň resmi beýanatynda iki ýurduň telekeçileri üçin amatly şertleri döretjekdigi we milletara sazlaşygy berkitmäge hyzmat etjekdigi aýdylýan bu ylalaşyklaryň nähili tertipde amal ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýatlatsak, Azatlyk ençeme ýyllaryň dowamynda serhetýakada ýaşaýan özbekleriň Türkmenistandaky garyndaşlaryna barmak üçin ýeňilleşdirilen wizalary almakda kynçylyklary çekýändigi, şeýle-de serhediň aňyrsyndaky türkmenleriň demirgazykdaky goňşusynda ýaşaýan ýakynlaryna barmakda býurokratik päsgelçilikler, şol sanda para-peşgeş bilen hem ýüzbe-ýüz bolýandyklary barada habar beripdi.

Türkmen-Özbek 'aýralyk' serhedi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:59 0:00

Saparyň çäklerinde Mirziýoýew Özbegistanda häzir 200 müňden hem aşa türkmen milletli adamyň ýaşaýandygyny mälim etdi. Munuň bilen baglylykda, 5-nji oktýabrda Berdimuhamedowyň adyna berlen günortanlyk naharyna resmiler bilen birlikde, Özbegistanyň dürli künjeklerinden gelen türkmen diasporasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Daşkentdäki duşuşykdan bir pursat
Daşkentdäki duşuşykdan bir pursat

Özbek prezidentiniň edarasy olaryň arasynda abraýly ýaşulularyň, bilim, medeniýet we saglyk pudagynyň dagy wekilleriniň bolandygyny, şeýle-de olaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky “dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna” goşant goşýandyklaryny belledi.

Emma Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekler barada maglumat berilmedi. Azatlyk Radiosy ýurduň Daşoguz we Lebap sebitlerinde ýaşaýan etniki özbekleriň pasport almakdaky kynçylyklary, işe ýerleşmekde duş bolýan meseleleri, şeýle-de özbek dilinde bilim berýän mekdepleriň we metbugatyň ýokdugy barada habar beripdi.

Gol goýlan dokumentleriň arasynda türkmen-özbek serhetýaka söwdasy zolagyny döretmek, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramak, haryt öndürijileriň sergilerini geçirmek baradaky ylalaşyk hem bar.

Saparyň dowamynda Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 230 million dollara deň bolandygyny, şeýle-de ýeňil senagat, maşyngurluşyk, nebithimiýa, oba hojalygy we gurluşyk serişdeleri ýaly ugurlarda import şertnamalarynyň 194-siniň bellige alnandygyny mälim etdi.

Täze Özbegistan we köne Türkmenistan. Tapawudy näme?
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:33 0:00

Mundan başga-da, gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrmak boýunça meýilnamalaryň çäklerinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygy hem mälim edildi.

Galyberse-de, Aşgabadyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi ugry boýunça, soňra Gara deňziniň portlary arkaly Ýewropa çykmak bilen, ulag ýollaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygy hem aýdyldy.

Gepleşikleriň barşynda Owganystan bilen serhet araçäkleri bolan taraplaryň ikisi-de owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermekde we ýurtdaky sosial-ykdysady we infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek barada hem ylalaşdylar.

Prezident G.Berdimuhamedow ozalky özbek prezidenti Yslam Kerimowyň ýadygärligine gül desselerini goýýar
Prezident G.Berdimuhamedow ozalky özbek prezidenti Yslam Kerimowyň ýadygärligine gül desselerini goýýar

Berdimuhamedow sişenbe güni Türkmenistana dolanmak üçin Daşkendiň aeroportuna ugramazyndan ozal, Özbegistanyň ozalky awtoritar lideri Yslam Kerimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Türkmen metbugaty adam hukuklaryny berk çäklendirmekde, garşy pikirlileri basyp ýatyrmakda tankytlanan Kerimowy “hakyky watançy” we “özbek halkynyň beýik ogly” hökmünde häsiýetlendirdi.

Maglumat üçin aýtsak, adam hukuklary boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla Türkmenistan we Özbegistan iň ýaramaz görkezijili ýurtlaryň sanawynda ýerleşdirilýär.

Horezmdäki özbek-türkmen "dostluk öýi" işläp başlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Saparyň dowamynda gol goýlan dokumentleriň arasynda:

  • Raýatlar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek hakynda Ylalaşyk,
  • Raýatlaryň özara saparlary barada Teswirnama,
  • Adalat ministrlikleri we Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky Ähtnamalar,
  • 2024-nji ýyla çenli medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasy,
  • Biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Ylalaşyk,
  • 2025-nji ýyla çenli ösümlikleriň karantini we goragy barada çäreleriň meýilnamasy,
  • Hojalyk şertnamalary,
  • Himiýa senagaty ulgamyndaky Ähtnama,
  • Serhetýaka söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa ulgamyndaky Ylalaşyklar,
  • Statistika we iş üpjünçiligi ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk babatyndaky Ähtnama,
  • Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky Ähtnama,
  • Üstaşyr we demir ýol gatnawlary baradaky Ähtnama, aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk,
  • Daşoguz-Gürlen barlag geçiriş nokadyny işe girizmek hakyndaky Teswirnama,
  • Ulag ulgamyndaky Ýol kartasy,
  • Maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama dagy hem bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG