24-nji noýabrda, Iňlis kanaly arkaly Fransiýadan Britaniýa geçjek bolanlarynda rezin gaýyklary çöküp, azyndan 27 migrant heläk boldy. Bu gürrüňi edilýän suw ýolunda esasy migrasiýa ugruna öwrüleli bäri bolan iň betbagtçylykly hadysa boldy.
Fransiýanyň içeri işler ministri Gerald Darmanin gaýykda 34 adamyň bolandygyna ynanylýandygyny aýtdy.
Jesetler tapylyp, diri galan iki adam halas edilenden soň, bilelikdäki iňlis-fransuz operasiýasy halas ediş işlerini togtatdy. Migrantlaryň milletleri bada-bat belli edilmedi. Ilkinji çykan maglumatda 31 migrantyň ölendigi aýdyldy, ýöne Içeri işler ministrligi soňra ölenleriň sanyny 27-ä çenli azaltdy.
Darmanin, heläkçilik bilen baglanyşykly, adam söwdasynda güman edilýän dört adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Fransiýa bilen Angliýa bu kanalyň üsti bilen amala aşyrylýan göçe-göçlügiň öňüni almak üçin hyzmatdaşlyk edýär, şol bir wagtda-da birek-biregi ýeterlik iş etmezlikde aýyplaýar.
Breksitden soňky Angliýa bilen Fransiýanyň arasynda geçegçileriň sanynyň rekord derejeleri galmagy, şeýle-de balyk tutmak hukugy üstündäki dawalar sebäpli dartgynlylyk artýar.
Fransuzlaryň maglumatlaryna görä, ýylyň başyndan bäri bu kanaldan 31,500 adam Britaniýa geçmäge synanyşypdyr we 7,800 adam deňizde halas edilipdir.