Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew-Moskwa dartgynlygynyň ýokarlanýan wagtynda Baýden Ukraina 'gyşarnyksyz goldawyny' tassyklady


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlylygyň ýokarlanýan pursatynda, Kiýewe "gyşarnyyksyz goldaw" berýändigini tassyklady.

Iki goňşy döwlet serhet ýakasynda harby türgenleşik geçirmäge başlady. Ruslaryň Ukraina bilen aradaky serhede goşun çekmegi bilen bagly habarlar mümkin bolan çozuş ähtimallygy aladasyny döretdi.

Baýdeniň 24-nji noýabrda, 1930-njy ýyllardaky Holodomor heläkçiliginde wepat bolan millionlarça ukrainalyny hatyralap eden beýanatynda Birleşen Ştatlar "şu gün Ukrainanyň halkyna ygrarlylygymyzy we Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini gyşarnyksyz goldaýandygymyzy tassyklaýar" diýilýär.

Russiýa 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarym adasyny ele geçirdi we 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 13200-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan dowamly çaknyşykda gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaýar.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy 21-nji noýabrda Russiýanyň iki ýurduň arasyndaky serhede 92,000 esger jemländigini we fewral aýynyň başynda hüjüme taýýarlanýandygyny aýtdy.

Moskwa bu aýyplamalary esassyz diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG