Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

600 töweregi yrakly Belarusdan öýlerine dolanýar


Belarus-Polýak serhedindäki migrantlar. 25-nji noýabr, 2021

Yrak hökümetiniň we awtonom kürt sebitiniň resmileriniň habar bermegine görä, birnäçe hepde bäri Belarus-Polşa serhedinde öňi alnan 600 töweregi yrakly öýlerine dolanar.

Belarus bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gapma-garşylyk wagtynda, sowuk howada açyk asmanyň astynda düşlän müňlerçe yrakly migrantyň ýüzlerçesi, köpüsi kürtler, geçen hepde ilkinji tapgyr dolanyşda dogduk ýurtlaryna gaýdyp geldi.

Yragyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ahmed al-Sahaf Yrak howa ýollarynyň Belarus paýtagty Minskden uçjak iki uçarynda 617 raýatyň meýletin yzyna iberilýändigini aýtdy diýip, Yragyň resmi habar gullugy 25-nji noýabrda habar berdi.

Kürdüstan sebit hökümetiniň metbugat wekili Jotiar Adil twitterde bu iki uçaryň 26-njy noýabrda, ir bilen demirgazyk kürt sebitiniň paýtagty Erbilde gonmalydygyny aýtdy.

18-nji noýabrda jemi 431 migrant Yrak howa ýollarynyň uçarynda Minskden gaýdyp geldi. Uçar Bagdada uçmazdan ozal Erbilde saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG