Türkmenistanda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylar diýip, hökümetçi “Türkmenportal” habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, 25-nji noýabrda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bu meselä bagyşlanan ýörite maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa mejlisde çykyş edip, ýylyň şyagrynyň kesgitlenmegi baradaky meseläniň il-halk bilen giňden maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, adamlaryň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň yzygiderli öwrenilmegi netijesinde, Türkmenistanda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak barada edilen teklip halk tarapyndan giň goldaw tapdy.
Bu habar çykmazyndan öň türkmen metbugatynda halk bilen geçirilen geňeşler barada hiç bir habar peýda bolmady.
Türkmenistanda her ýyl, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, öňünden ýörite şygar bilen belgilenýär we täze şygar bütin bir ýyllap metbugat habarlarynyň iň köp gaýtalanýan jümleleriniň birine öwrülýär.
Türkmenistanda hökümet çözgütleriniň aglabasy, şol sanda Baş kanuna üýtgetmeleri we düzedişleri girizmek, ilata ýeňillikli bahadan ýa mugt berilýän gaz, tok we suw üpjünçiligini ýatyrmak ýaly kararlar hem halkyň adyndan orta atyldy.