Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sibirdäki kömür käninde azyndan 46 magdançy, 6 halas ediji heläk boldy


Listwýažnaýa känindäki halas ediş işlerine gatnaşýan hünärmenler.

25-nji noýabrda Sibiriň Kemerowo sebitindäki kömür käninde bolan partlamada azyndan 52 adamyň, şol sanda 46 magdançynyň we alty halas edijiniň ölendigi, onlarça adamyň dereksiz ýitendigi habar berildi. Sebitde üç günlük ýas yglan edildi.

Kuzbasdaky Listwýažnaýa käninde bolan partlama wagtynda jemi 285 magdançy işleýärdi.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 250 metr çemesi çuňlukda ýerleşýän şahtada bolan partlamadan soň ýüzlerçe magdançynyň üstünlikli ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Toplanan metan gazyndan abanýan "partlama howpy sebäpli", ministrlik halas ediş işlerini wagtlaýynça togtatdy.

Russiýanyň Federal derňew komiteti, ölüme sebäp bolýan howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy talaplaryny bozmak baradaky kanun maddasyna laýyklykda, kömür käninde bolan heläkçilik boýunça jenaýat işini açdy.

Berilýän maglumata görä, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda magdan käninde geçirilen barlaglar bu desgada onlarça howpsuzlyk düzgüniniň bozulandygyny ýüze çykardy. Kemerowo sebitiniň häkimi Sergeý Tsiwilew aşakda çykyp galanlar bilen hiç hili "aragatnaşygyň ýokdugyny" aýtdy.

Kreml bu waka barada prezident Wladimir Putine habar berlendigini we onuň ölenleriň maşgalalaryna gynanç bildirendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG