Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Mirziýoýewi garşylamaga taýýarlanýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Özbegistanda ýaşaýan türkmen diaspora wekilleri tarapyndan hem garşylandy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji oktýabrda Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda Özbegistanda ýaşaýan türkmen diaspora wekilleri tarapyndan hem garşylandy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň öňümizdäki dynç güni, 28-nji noýabrda Türkmenistana sapar etmegine garaşylýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi goňşy prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyklar barada habar berýär.

Azatlygyň çeşmesine görä, türkmen häkimiýetleri özbek prezidentini garşy almak çäresine etniki özbek raýatlaryny gatnaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Galyberse-de, goňşy prezidenti garşy aljak türkmenistanly özbekler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan öz milli lybaslary bilen üpjün ediler.

Azatlyga mälim bolşuna görä, 25-nji noýabrda Lebap häkimiýetleri 30 töweregi özbek raýatyny Aşgabada ýollady. Olar Mirziýoýewi garşy almak çäresine gatnaşarlar.

Çeşmämiz saýlanan adamlaryň mundan iki hepde töweregi ozal iki hepde möhlet bilen karantin astyna alnandyklaryny habar berdi.

Özbek mediasy Mirziýoýewiň Türkmenistana meýilleşdirýän sapary barada 24-nji noýabrda habar berdi. Kun.uz neşirine görä, Şawkat Mirziýoýew 28-nji noýabrda Aşgabada sapar etmegi meýilleşdirýär. Onuň yz ýany, Mirziýoýew beýleki bir post-sowet Merkezi Aziýa ýurduna, Gazagystana sapar eder.

Özbek prezidentiniň Türkmenistana we Gazagystana etjek saparlary, onuň ikinji möhlete prezident wezipesini eýeländen soňra, Russiýa amala aşyran döwlet saparynyň yz ýanyna gabat gelýär. Özbek lideri ikinji möhlete prezident bolandan soňra, ilkinji daşary ýurt döwlet saparyny Russiýa Federasiýasyna amala aşyrdy.

Şawkat Mirziýoýew 19-njy noýabrda Moskwa sapar edip, rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Has ozal, Mirziýoýew 12-nji noýabrda Türki Döwletler Guramasynyň (öňki Türki Geňeş) öňünden meýilleşdirilen sammitine gatnaşmak üçin Stambula sapar etdi. Munuň bilen, türk mediasy Şawkat Mirziýoýewiň ikinji möhletde ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä amala aşyrandygyny habar berdi.

Mirziýoýewiň ikinji möhlete prezident wezipesine saýlanmagynyň edil yz ýany Moskwa amala aşyran sapary, özbek mediasyna görä, Özbegistan bilen Russiýanyň arasyndaky jebis strategiki hyzmatdaşlyga ýene bir gezek mysal boldy.

Galyberse-de, 19-njy noýabrda Mirziýoýew Moskwada Putin bilen duşuşan güni, Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow Ýewraziýa hökümetara geňeşiň ýygnagynda eden çykyşynda Özbegistanyň rus agalygyndaky Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen barha ysnyşýan gatnaşyklaryna ünsi çekdi.

Özbegistan geçen ýyl Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginde synçy agza statusyna eýe boldy.

Azatlygyň çeşmesine görä, Mirziýoýewi garşy aljak türkmenistanly özbek raýatlaryna olaryň özlerini ýokary derejeli myhmanyň öňünde nähili alyp barmalydyklary, myhmanlaryň soraglaryna nähili jogap bermelidikleri barada tälim-türgenleşik geçirilýär.

Galyberse-de, goňşy prezidenti garşy aljak etniki özbeklere özleri barada berjek gürrüňleri hem öwredilýär.

“Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary tarapyndan geçirilen konsultasiýalarda Türkmenistandaky un nobatlary, adamlaryň açlyk derejesi we işsizligi barada dil ýarmazlyk tabşyryldy” diýip, çeşme aýtdy.

“Hatda özbek dilinde sapak berýän mekdepleriň ýokdugy barada hem gürlemezlik tabşyryldy” diýip, çeşme sözüniň üstüni ýetirdi.

Beýleki post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Russiýanyň liderligindäki Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agza däl.

Uzak ýyllaryň dowamynda demir ýumruk bilen ýurdy dolandyran awtoritar prezident Islam Karimow 2016-njy ýylda tarpa-taýyn aradan çykandan soňra Özbegistanda reforma wadalary bilen prezident wezipesini eýelän Şawkat Mirziýoýew geçen bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen kärdeşi bilen ençeme gezek duşuşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG