Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Habar serişdelerini gysylmagy netijesinde, Belarusda ýene bir žurnalist tussag edildi


Andreý Kuzneçik
Andreý Kuzneçik

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýän belarus žurnalisti, aýalynyň aýtmagyna görä, Aleksandr Lukaşenkanyň režiminiň garaşsyz metbugata edýän basyşlaryň güýçlenýän wagtynda, Minskde tussag edildi.

Andreý Kuzneçik 25-nji noýabrda welosiped sürmäge çykyp, biraz wagtdan dört sany raýat eşikli erkegiň ugratmagynda öýüne, yzyna gaýdyp geldi diýip, Alesýa Rak Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Hiç bir şahsy dokument görkezmedik dört adam olaryň öýlerini dökdi. Rak olaryň diňe iki sany ýaş çagasynyň otaglaryna girmändigini aýtdy.

“Olar Andreýiň ähli elektron enjamlaryny we telefonyny aldylar; meniň jübi telefonymy, planşetimi we pulumy aldylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňra Kuzneçik şol dört adam tarapyndan alnyp gidildi, olar onuň tussag edilmeginiň hiç hili sebäbini aýtmady.

“Andreýe geýinmelidigini we özleri bilen gitmelidigini aýtdylar. Oňa öz ýany bilen hiç zat almaga rugsat berilmedi, diňe ätiýaç üçin iki sany balak almalydygyny aýtdylar. Olar ony bir-iki günlük, gysga wagtlyk alyp gidýändiklerini aýtdylar” diýip, Kuzneçigiň aýaly gürrüň berdi.

Geçen ýyl, 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenkanyň nobatdaky prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygy yglan edileninden soň, Belarusda köpçülikleýin protestler başlandy. Garşydaşlary we günbatar bu saýlawyň netijeleriniň gaplaşdyrylandygyny öňe sürdüler.

Netijede, Günbatar Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri diýip ykrar etmekden ýüz öwürdi. Bu ýagdaý Belarus dolandyryjysynyň Russiýa owalda-ahyrda bolşundan has kän bil baglamagyna alyp gelýär we, synçylaryň aýtmaklaryna görä, Orsýet onuň gowşan pozisiýasyny öz kiçiräk goňşusyna ýetirýän täsirini has berkitmek üçin ulanmaga çalyşýar.

Halk protestleri bilen baglylykda güýçlenen repressiw çäreleriň çäginde ýurtda on müňlerçe adam tussag edildi we adam hukuklaryny goraýjylar häzir Belarusda 800-den gowrak adamyň syýasy tussag hökmünde türmede saklanylýandygyny aýdýarlar.

Açyk nägilelik bildirýän adamlar bilen bir hatarda, häkimiýetler ýurtdaky garaşsyz metbugaty we oppozisiýadaky sosial media kanallaryny hem nyşana aldylar.

Azatlyk radiosynyň Belarus gullugynyň web sahypasy, awgustda geçirilen dawaly prezident saýlawlaryndan birnäçe hepde soň, 2020-nji ýylyň 21-nji awgustyndan bäri, ýurt içinde petikli bolmagynda galýar.

Belarus häkimiýetleri daşary ýurt habar serişdelerinde işleýän ýerli žurnalistleriň ählisiniň, şol sanda Azatlyk radiosynyň žurnalistleriniň iş ygtyýarnamasyny 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ýatyrdylar.

Meşhur blogçy we Azatlyk radiosynyň geňeşçisi Ihar Losik 2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda tussag edildi. Ol özüniň meşhur Telegram kanalyny “jemgyýetçilik tertibini bozmaga taýýarlamakda” ulanmakda aýyplandy.

Losik häzir ýapyk gapylaryň arkasynda sud edilýär.

XS
SM
MD
LG